Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4419/original-16344ff2ca78ad.jpeg

 Hormatly foruma we sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumynyň we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler we gazanylýan üstünlikler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetimize ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda yzygiderli guralýan sergiler, halkara maslahatlar uly ähmiýete eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda degişli işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işleri mazmun taýdan baýlaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde geçirýän «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän bu forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredip, ileri tutulýan ugurlary aýdyň görkezer diýip pikir edýärin.

«Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar. Şeýle-de Aşgabadyň ajaýyp keşbini, ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini beýan eder.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Garaşsyz, Bitarap döwletimiz 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň doly hukukly agzasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlik ýüze çykaryldy. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köp sanly desgalary hem-de gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.

Bu abraýly guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, şeýle-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň halkara derejedäki belent ykrarnamasydyr. Şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär we «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň amala aşyrylmagy, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar. Milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalarynyň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem doly şaýatlyk edýär.

Hormatly foruma we

sergä gatnaşyjylar!

Sizi «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumynyň we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.