Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy we degişli teklipler orta atyldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmak, nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek, kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, şeýle-de toplumda işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmek babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň ýokary hilli geçirilmegi, 26-28-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly ХХVII halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ony jemläp, öňde duran wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň golaýlap gelýän uly baýramçylygyny – hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygyny hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak babatda olara üstünlikleri arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.