Makalalar

Gazçylaryň güýz-gyş aladalary

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4440/original-16348f4bf36367.jpeg

Häzirki döwürde gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary tarapyndan şäheriň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 550 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 445 sanysyna gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik edilýändigini bellemek bolar.

Biz gaz hojalyk edarasynda daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki döwürde alyp barýan işleri bilen tanyş bolanymyzda, olaryň şu günler welaýat merkezinde bar bolan dürli basyşly gaz ulgamlaryny we enjamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýändikleriniň şaýady bolduk. Edaranyň I derejeli inženeri Sapargylyç Muhammedowyň gürrüňlerine görä, şu ýylyň başyndan bäri Daşoguz şäheriniň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumynda, «Merkez-1», «Suwçy» we Gülüstan şäherçelerinde bar bolan gaz geçirijilerinde alnyp barlan arassalaýyş we düýpli abatlaýyş işleri netijesinde öňden hereket edýän gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçilikleri ep-esli artdyrylypdyr.

Bulardan başga-da, edaranyň işçi-hünärmenleriniň şäheriň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmak we gaz ýollarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak maksadynda ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işgärleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek hem-de zerur ýerlerini düýpli abatlamak, şeýle hem Gülüstan şäherçesinde täze gurulýan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda giň göwrümli işler durmuşa geçirilipdir.

Edaranyň ýolbaşçylary häzirki wagtda, aýratyn hem şäheriň 9-njy maý köçesiniň ugrunda ýerleşýän göwrüminiň ululygy 114 millimetre barabar bolan ýerüsti orta basyşly, Salam köçesindäki şeýle ululykdaky pes basyşly hem-de Alp Arslan köçesine ýanaşyk gurlan ýerüsti orta we pes basyşly 219, 159 millimetrlik gaz geçirijilerini arassalamak hem-de reňklemek işleriniň üstünlikli tamamlanandygyny hoşallyk bilen gürrüň berýärler. Gyşa taýýarlyk işleriniň çäklerinde şäheriň A.Nowaýy köçesiniň ugrunda ýerleşýän göwrüminiň ululygy 159 millimetre barabar bolan gaz geçirijilerde arassalaýyş we reňkleýiş işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyna göz ýetirdik.

Edaranyň gazçylarynyň gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda alyp barýan wajyp işleriniň barha ilerlemeginde daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň bejeriji slesarlary Nurmyrat Çaryýew, Hudaýberdi Möminow, Palta Paltaýew, elektrik bilen kebşirleýjiler Nepes Otuzow we Jumadurdy Garaýew hem-de «Gaz-53» kysymly awtoulagyň sürüjisi Allaberdi Geldiýew dagynyň saldamly paýynyň bardygyny baş inžener Merdan Mämmedow buýsanç bilen aýdýar.

Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynyň işgärleriniň gündelik alyp barýan işleri bizde uly gyzyklanma döretdi. Bölümde ilatdan gelýän haýyşnamalary öz wagtynda kanagatlandyrmakda sargytlary kabul ediji Gülruh Ýusupowa, bejeriji slesarlar Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow, Allaberdi Meretdurdyýew dagynyň il alkyşyna mynasyp bolýandyklarynyň şaýady bolduk.

Gazçylar häzirki döwürde şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlaryna hyzmat edýän gaz geçirijileri we enjamlary arassalamak, tehniki idegini ýetirmek hem-de zerur bolan ýerlerini abatlamak işlerini gyzgalaňly dowam edýärler. Munuň özi welaýat merkeziniň ilatynyň güýz-gyş möwsümlerinde tebigy gazdan bökdençsiz peýdalanyp, onuň eşretli hözirini görüp ýaşamagyny şertlendirer.

Dädebaý NARTYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.