Habarlar

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4444/original-163495feb83cfb.jpeg

Şu günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine alty döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi we strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler girizildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Liderleriniň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Kasym – Žomart Tokaýew Sammiti açyp, döwlet Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlarynyň möhüm meseleleri boýunça içgin hem-de gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

Ertir döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda esasy halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-niň, we beýlekileriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylmagy garaşylýar. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekiler.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.