Habarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersiteti THE Impact Rankings-2022 dünýä reýtingine girdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4468/original-1634daa1dd62cc.jpeg

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ilkinji gezek dünýäniň abraýly «THE Impact Rankings — 2022» reýting sanawyna girdi.

Bu reýting 2019-njy ýyldan bäri her ýyl «Times Higher Education (THE)» britan guramasy tarapyndan düzülýär we çap edilýär. Ol netijeliligiň ýeke-täk global sanawy bolup, onda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) boýunça baha berilýär.

Şeýlelikde, «THE Impact Rankings» ýokary okuw mekdepleriň BMG-niň DÖM-niň 17 maksadyna ýetmekde gazanan üstünliklerini ölçeýär hem-de dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň durmuş-ykdysady täsirini öwrenýär.

Ýokary okuw mekdepleri maksatlaryň 17-sine baha berilmegi üçin maglumatlary iberýär. Umumy reýtinge DÖM-niň 17 maksady boýunça (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) hem-de DÖM-niň beýleki galan üç maksatlary boýunça maglumatlary berýän ýokary okuw mekdepleri goşulýar. Umumy sanawda ýokary okuw mekdebiň jemleýji baly onuň DÖM-niň 17-siniň ballaryny DÖM-niň iň gowy ballarynyň üçüsi bilen birleşdirmek arkaly hasaplanylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine DÖM-niň 4-nji maksadyna (berilýän bilimiň hili), 7-nji maksadyna (elýeterli we arassa energiýa), 9-njy maksadyna (senagat, innowasiýalar we infrastruktura), 17-nji maksadyna (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) ýetmek boýunça halkara bilermenleri tarapyndan baha berildi.

«Impact Rankings — 2022» reýting netijeleriniň dördünji neşirine dünýäniň 106 ýurdundan uniwersitetleriň 1406-sy girdi.

Türkmen nebitgaz uniwersiteti üçin dünýä reýtingler meýdançasynda bu ilkinji ýeňiş boldy. Şonuň bilen birlikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekde iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine girmegi meýilleşdirýär.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.