«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara forumyna gatnaşyjylary bellige almaklyk tamamlanýar
Eýýäm bir hepdeden — 26-njy oktýabrda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraljak «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara forumy öz işine başlar. Bu möhüm pudaklaýyn çäräni guramakda GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ hyzmatdaş bolup çykyş edýär.
Guramaçylaryň habar berşi ýaly, OGT 2022-ä gatnaşmak üçin eýýäm 450-den gowrak wekil bellige alyndy. Şolardan 353-si foruma ýüzbe-ýüz görnüşde, 100-si bolsa onlaýn gatnaşar.
Foruma ýüzbe-ýüz gatnaşmak üçin bellige almaklyk 16-njy oktýabrda tamamlandy, onlaýn bellige almaklyk 20-nji oktýabra çenli açyk bolar.
OGT 2022 maslahatynyň we sergisiniň maksady halkara dialogyny berkitmek, dünýäniň energetika ulgamynda iň täze tendensiýalary gözden geçirmek we Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada habar bermek arkaly onuň nebitgaz toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýerastynda ýatan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary barada abraýly daşary ýurt çeşmeleri hem habar berýär. «Türkmenistan nebite we aýratyn hem tebigy gazyň ätiýaçlyklaryna baý» diýlip, ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Halkara söwdasyny dolandyrmak müdirliginiň gözükdirmesinde bellenilýär. Onda şeýle hem British Petroleum-nyň (BP) 2021-nji ýyl boýunça dünýä energetikasyna statistiki synynyň barlagy getirilýär, onda «2020-nji ýylyň aýagyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanda nebitiň subut edilen gorunyň 600 mln barreli we tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklarynyň 19,5 trln kub metri bar.
Şol hasabata laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan 59 mlrd kub metr tebigy gaz çykardy, şolardan içerki bazara 31,3 mlrd kub metri sarp edilip, galan bölegi eksporta iberildi.
Türkmenistanyň energetika syýasaty giň halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda ýurduň ägirt uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryny tapgyrlaýyn we has netijeli özleşdirmekligi, uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamaklygyň ekologiýa jähtlerini göz öňünde tutýan döwrebap tehnologiýalary çekmekligi we nebit we gaz himiýanyň taýýar önümleriniň önümçiligini göz öňünde tutýar.
OGT 2022 forumy bar bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we täze işewür mümkinçilikleri döretmek, professional aragatnaşyklary giňeltmek we energetikanyň hem-de tebigy gazyň ähli toplumlarynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat meýdança bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.