Ýokary taýýarlykly garşylaýarlar

11:58 20.10.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4481/original-16350f1a2c4c2f.jpeg

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny we bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar.

Bu ugurda aýratyn hem edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde, etrabyň obadyr şäherlerinde gaz desgalaryny düýpli abatlamakda durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde häzirki döwürde etrabyň dolandyryş merkezi bolan Görogly şäheriniň Saparmyrat Nyýazow, Tekebaý Kakabaýew adyndaky, Beýik Türkmenbaşy we Görogly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän dürli basyşly gaz geçirijileri hem-de gaz sazlaýjy enjamlary düýpli abatlap, güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan gyzgalaňly işler geljekde şäheriň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyja» bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döreder.

Edaranyň gazçylary şular ýaly gyş möwsümine taýýarlyk işlerini etrabyň Magtymguly, Annagylyç Ataýew adyndaky, Durdygylyç, Zaman, Berkarar, Ýagtylyk, Türkmen ýoly geňeşliklerinde hem giňden ýaýbaňlandyrdylar. Ol ýerlerde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň zerur bolan ýerleriniň düýpli abatlanyp, reňklenip, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň birkemsiz gözden geçirilip, gyş möwsümine doly taýýar edilendigini gaz hojalygy edarasynyň degişli hünärmenleri gürrüň berýärler.

— Biziň etrabymyzyň bir çeti gojaman Garagum sährasyny etekläp oturan obalardan başlanyp, günbatar tarapy tä Ruhubelent etrabyna çenli uzasa, demirgazyk-günbatarda S.A.Nyýazow we Gurbansoltan eje adyndaky etraplar bilen araçäkleşýär. Edaramyzyň gazçylary tarapyndan häzirki döwürde etrabymyzyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 1180 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 480-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Munuň özi 23 müňden gowrak hojalygyň ýylyň islendik döwründe gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görüp ýaşaýandyklaryndan habar berýär. Şol hojalyklaryň 65 müňden gowrak gaz enjamy bar.

Şol enjamlaryň saz işlemegini we tebigy gazyň talabalaýyk hem-de tygşytly ulanylmagyny gazanmak ugrunda edaramyzyň degişli hünärmenleri tarapyndan ilat arasynda meýilnamalaýyn alnyp barylýan wagyz-maslahat hemem gözegçilik işleri özüniň oňat netijelerini berip gelýär. Bu ugurda edaramyzyň içerki öý gaz enjamlary gullugynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Olar etrabymyzyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän çetki ilatly obalarynda suwuklandyrylan gazdan peýdalanýan 250-den gowrak hojalygyň ýaşaýjylarynyň arasynda hem ýygy-ýygydan bolmak bilen, suwuklandyrylan gazdan peýdalanylanda, ýangyn we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň tärleri barasynda gürrüňdeşlik geçirip durýarlar.

Howanyň sowaýan wagty bolan güýz-gyş möwsümleri etrabymyzyň gazçylary üçin iň bir jogapkärli döwür hasaplanylýar. Şonuň üçin hem biz bu möwsüme şu günlerden ýokary taýýarlykly barýarys. Etrabymyzyň merkezinde we obalarynda bar bolan dürli basyşly gaz geçirijilerinde, gaz sazlaýjy, paýlaýjy enjamlarynda ýylyň başyndan bäri öz işiniň ussady bolan gazçylarymyz tarapyndan alnyp barlan düýpli abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri barha golaýlaşýan gyş döwründe tebigy gazy sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün bolmagyny şertlendirer — diýip, «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň baş inženeri Orazmuhammet Mätdöwletow hoşallyk bilen aýdýar.

Edaranyň agzybir zähmet köpçüliginiň gündelik alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyş bolmak maksadynda etrabyň Türkmen ýoly geňeşliginiň Çaňly ýap obasynda bolanymyzda, gaz hojalyk edarasynyň ussasy Gurbangeldi Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky daşary gaz geçirijilerine we gaz enjamlaryna gözegçilik gullugynyň abatlaýjy slesarlary Döwran Gurbanow, Döwlet Saparmedow, Sapardurdy Gylyçbaýew, gaz bilen kebşirleýji Begenç Hekimow, elektrik bilen kebşirleýji Serdar Arçaýew, kebşirleýji enjam tirkelen «MTZ» traktorynyň mehanizatory Rejepdurdy Ýazgurbanow dagynyň agzybirlikli zähmeti netijesinde her bir iş gününiň ýokary netijelere beslenýändiginiň şaýady bolduk. Olar bu ýerde awtoulag ýolunyň ýakasynda ýerleşýän gaz ulgamlarynyň aşagynyň beton direglerini täzeleri bilen çalşyp hem-de gaz enjamlaryny düýpli abatlap, reňkläp ýören eken. Tejribeli ussa G.Rejepowyň ýolbaşçylygynda abatlaýyş işlerini alyp barýan edaranyň gazçylary şular ýaly gyşa taýýarlyk işleriniň häzirki döwürde etrabyň Ýagtylyk we Magtymguly geňeşlikleriniň çäginde hem gyzgalaňly dowam edýändigini gürrüň berdiler.

Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylymyzda etrabyň gazçylarynyň gyş möwsümini ýokary taýýarlykly garşylaýandyklaryndan habar berýär.

Dädebaý NARTYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.