Geofizikler ynamy ödeýärler
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy belentden toýlanjak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde amala aşyrylýan işler hem döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şonuň üçin hem bu ulgama döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn hemaýat berilýär. Aslynda-da, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyranoklar.
Işi netijeli alyp barmakda iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlara eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän kärhananyň geofizikleri şu ýylyň geçen hasabat döwründe bellenilen meýilnama goşmaça millionlarça manatlyk işleri özleşdirdiler. Berkarar Watanymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy bolsa şu müdirligiň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklardaky öňden hereket edýän, şonuň ýaly-da burawlaýyş işleri alnyp barylýan täze guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda zerur çäreleri amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bu öňdebaryjy kärhananyň geofizikleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Has takyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde Balkanabatdaky barlaghanalar, şeýle hem daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly awtoulaglarda oturdylan kämil barlaghanalar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu müdirlik soňky bäş-alty ýylyň dowamynda nebitgaz toplumynyň iň täze tehnologiýalaryny ulanyp, möhüm işleri geçirip bilýän häzirki zaman kärhanalarynyň hataryna ymykly goşuldy.
Müdirligiň önümçilik-geofiziki, ýokary tehnologiýa enjamlary ekspedisiýalary, karotaž tehnikalary we guýy-geofiziki enjamlaryny abatlaşdyryş ýaly gulluklary bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýedi aýynda müdirlikde özleşdirilen işleriň umumy möçberi 47,5 million manatlykdan hem geçipdir. Munuň özi kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamadan artyk özleşdirilen işleriň 8,7 million manatlykdan hem köp bolandygyny aňladýar. Önümçilik tabşyryklarynyň hemişe artygy bilen berjaý edilmeginde Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýasynyň toparlarynyň goşantlary has uludyr. Kärhananyň degişli düzümleri häzirki döwürde ýurdumyzyň günbatar sebitindäki ýataklarda özleşdirilýän guýularda geofiziki barlaglary we beýleki möhüm işleri üstünlikli alyp barýarlar. Geofizikleriň her biri öz halal zähmeti bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryna çäksiz buýsanýarlar we ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Hojaberdi BAÝRAMOW,
Ussatnews.com.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.