Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlary talyplaryň Halkara ylmy maslahatynda çykyş etdiler
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-20-i aralygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazşynaslyk fakultetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet Ministrliginiň Tatarstan Htçge,kbrfçsysň N.I.Žiganow adyndaky Kazan konserwatoriýasynyň gurnamagynda “Ýaş alymlaryň ylmy gözleglerinde saz folklory” («Музыкальный фольклор в исследованиях молодых ученых») atly Talyplaryň halkara ylmy-praktiki konferensiýasyna internet ulgamy arkaly onlaýn maslahatyna gatnaşdylar.
Talyp ýaşlary bu halkara ylmy maslahaty etnografiýa we sazşynaslyk ylmy, kompozitorçylyk döredijiligi, saz ýerine ýetirijilik sungaty ýaly ugurlary boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde “Däp bolan saz gurallary: öwrenmek tejribesi we täzeden dikeldilmegi” tema boýunça tegelek stoly, ussatlyk sapaklary we konsertleri geçirildi.
Halkara ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlarynyň çykyşlarynyň arasynda aýratyn uly gyzyklanma bildirilen temalardan Gülbahar Serhenowanyň (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa) “Türkmen dutary we onuň häzirki zaman türkmen medeniýetindäki orny” atly temasy boldy. Ýaş alym özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň YUNESKO bölümi bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasatynda bilim, ylym we medeniýet meseleleriniň aýratyn orny eýeleýänligi barada çykyş etdi. Şeýle-de 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty adamzadyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Şeýle-de Gülşat Kadyrowanyň (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina) “Küşdepdi türkmen folklor tansy: gelip çykyşy we häzirki zaman durmuşyndaky ähmiýeti” atly temsy uly gyzyklanma döretdi. Gülşat özüniň çykyşynda türkmeniň gadymy tans sungatyna degişli meseleleri, olaryň türkmen halkynyň däpleri we taryhy bilen arabaglanyşygy ýaly meseleleri açyp berdi. Has-da meşhur tansy bolan Küşdepdi tansyň zoorastrizm däpleri we gadymy ýadygärliklerinde şekillendirilişine häsiýetnama berdi. 2017-nji ýylda ÝUNESKO Küşdepdi tansyny adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar etmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Kuwwat Ýowbasarow (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa) “Türkmen dessançy-bagşylaryň repertuarynyň žanr köpdürliligi” atly temasy bilen çykyş etdi. Kuwwat özüniň çykyşynda türkmen epiki döredijiliginiň dürli žanrlary, türkmen dessançy bagşyçylyk sungatynyň aýratynlyklary, welaýatlaryň milli ýerine ýetirijilik sungaty we dessançylyk sungatynyň häzirki zaman derejesi barada gyzykly maglumatlary berdi.
Güljemal Durdyýewa (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti Ýelena Osipowa) “Kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň instrumental döredijiliginiň saz diliniň milli aýratynlyklary” atly temasynda kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň “Fleýta üçin sonatasynyň” we “Fortepiano üçin iki pýesasynyň” mysalynda türkmen halk sazynyň we XX asyryň sazynyň häsiýetli täze saz beýan ediş serişdeleriniň utgaşygyny açyp berdi.
Aknur Annameredowa (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Annagylyjowa) “Rejep Rejebowyň “Görogly” operasynyň mysalynda türkmen halk sazlarynyň häsiýetli aýratynlyklary” («Претворение характерных черт туркменской народной музыки в творчестве Р. Реджепова на примере оперы «Гёроглы»») atly temasy bilen çykyş etdi. Aknur özüniň çykyşynda “Görogly” eposyň bütin Gündogar medeniýetinde tutýan orny, bu temy Merkezi Aziýa kompozitorlaryň ünsüni özüne çekmegi we Rejep Rejebowyň döredijiliginde bu adybir operanyň döremegi we aýratynlygy barada baý maglumatlary berdi. Şonuň bilen bu ýerde saz diliniň aýratynlygy we simfoniki orkestriniň düzümine ilkinji gezek dutar, gyjak we gargy tüýdük saz gurallaryň girizilmeginiň ähmiýetini açyp görkezdi.
Umuman, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlarynyň şeýle ýokary derejeli halkara forumynda saz sungaty we medeni mirasy boýunça ilkinji gezek üstünlikli çykyş etmekleri juda buýsandyryjy waka öwrüldi. Gelejekde hem şeýle ylmy maslahatlara işjek gatnaşmaklaryny we üstünli çykyş etmek bilen uly üstünlikleri gazanmaklaryny talyplara tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Jemal AGAJANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Kirişi saz gurallary” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.