Habarlar

OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4515/original-16357c32c7741a.jpeg

Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň işine we onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklara gatnaşmak geljekki maýadarlara nebit-gaz pudagyndaky dürli maksatly taslamalar, himiýa gazlaryny ýok etmek (utilizirlemek), ýetişen ýataklary optimizirlemek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmek baradaky tekliplerini hödürlemäge mümkinçilik berer.

Şeýle-de, maslahatyň maksatnamasynda howanyň üýtgemeginiň möhüm global meselesini ara alyp maslahatlaşmak hem göz öňünde tutulýar. Şeýlelik bilen, alty mejlisden dördüsi energetikanyň geljegine bagyşlanýar.

Umumy mejlisde geljegiň energiýasynyň meseleleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylsa, soňky üç mejlis “Täze eýýamyň energiýasy: energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we wodorod”, “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik jähtleri”, “Nebit-gaz ylymlarynda we bilimde innowasion tehnologiýalar we nou-hau” ýaly mowzuklar boýunça pikir we tejribe alyşmaga bagyşlanar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan metan boýunça global borçnamalar başlangyjyny goldaýar” - diýdi. Bir ýyl geçmänkä, oktýabr aýynda OGT-2022 we ondan ozal, 2022-nji ýylyň iýunynda geçirilen "Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri" atly Halkara ylmy maslahaty Türkmenistanyň bu borçnamalara ygrarlydygyny tassyklaýar.

OGT-2022 gün tertibinde esasy çykyş edýänler – BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Carbon Limits-iň wekili Olga Gassan-zade ýaly metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatynda dünýä belli bilermenler bolar.

Halkara nebit we gaz konferensiýasy Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri geçirilýär. OGT-2022 hasap boýunça 27-nji bolar. Şu ýyl maslahat bilen birlikde halkara we milli nebit-gaz kompaniýalarynyň innowasiýa tehnologiýalarynyň we hyzmatlarynyň sergisi hem geçiriler. Maslahat we sergi ýokary derejeli döwlet işgärleriniň, diplomatik wekilleriň, pudak ýolbaşçylarynyň we nebit-gaz pudagyndaky bilermenleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

OGT-2022-ä 30-dan gowrak KHBS-niň 40-a golaý wekili gatnaşar we onuň geçişi barada diňe bir Türkmenistana däl, eýsem bütin dünýäniň diňleýjilerine giňişleýin habar berer. Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň saldamly sanawyna Argus Media, S&P Global Commodity Insights, Natural Gas World, China Daily, Interfax, TASS Habarlar agentligi we Belarus Habarlar agentligi ýaly bütindünýä nebit-gaz analitikalarynyň awtorlary we redaktorlary girýär.

OGT-2022 başlamazdan ozal, onuň maksadyny Türkmenistanyň daşyndaky diňleýjilere, okyjylara ýetirmek üçin bu barada onlarça täzelikler çap edildi we ýaýlymlara berildi. Mysal üçin, China Daily, Natural Gas World и Central Asia Newsi ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden okalýan habarlar saýtlary OGT-a gatnaşyp bilmejek adamlaryň nebit-gaz pudagynda bolup geçýän şeýle möhüm wakasy barada ýakyndan habarly bolmagy üçin maslahatyň metbugat habarnamasyny çap etdiler.

OGT-2022-niň delegatlarynyň 100-den gowragynyň Aşgabada gelmegini üpjün etmek üçin guramaçylyk komiteti halkara uçar gatnawlarynyň pandemiýadan soň ýaňy dikelip ugran döwründe Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýörite çarter uçuşlaryny gurady.

Maslahata we sergä halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara we milli kompaniýalaryň Türkmenistanda ýaşaýan 500-den gowrak wekilleri gatnaşar. 45 ýurtdan 200-den gowrak kompaniýanyň wekilleri hem foruma gatnaşýar. OGT-2022-ä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelip bilmedikler üçin onlaýn gatnaşmak mümkinçiligi dörediler. Mundan başga-da, energitiki kompaniýalaryň 50-den gowragynyň sergä gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýlelik-de, OGT-2022 geljek üç günüň dowamynda bilermenlere, karar berýän şahslara we pudak ýolbaşçylaryna öz pikirlerini, bilimlerini we tejribelerini paýlaşmak üçin meýdança hödürläp, nebitiň we gazyň has netijeli öndürilmegine we sarp edilmegine ýardam eder.

Başga habarlar
16970f2b623890.jpeg
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.


169746e13a32cd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


1696b681e45652.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

169620682e5208.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


1695e1019cc5fe.jpeg
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.