Habarlar

Daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «ýaşyl» taslamalara gatnaşmak teklip edildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4536/original-1635cd017899b0.jpeg

OGT — 2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmäge çagyryldy. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «Täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň mümkinçilikleri» sessiýasynda eden çykyşynda belledi.

Jepbarowyň bellemegine görä, Türkmenistan daşky gurşaw töwekgelçiligini we howplary azaltmak boýunça halkara tagallalarynyň netijeli utgaşdyrylmagyny goldamak bilen, senagat zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz täsiri baradaky aladalary doly paýlaşýar.

Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, energiýa netijelilik, elektrik energiýasynyň akkumulirlenmegi we elektrik pudagyny karbonlaşdyrmak maksady bilen beýleki ugurlar boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigini aýtdy.

Bu babatda çykyş eden Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatynda çynlakaý mümkinçilikleriniň bardygyny, ýagny eksport üçin ösen ulag ulgamynyň we iň esasysy çig mal binýadynyň, tebigy gazyň we nebit gorlarynyň bardygyny aýtdy. Bu pudagyň ösüşi, ýaşyl ykdysadyýete geçmegi çaltlaşdyrar we uglerodyň bitaraplygynyň global maksadyna ýetmek üçin ýurduň goşandyny artdyrar.

Ýurtda wodorod senagatyny döretmek üçin önümçilik we saklamak boýunça infrastruktura uly maliýe maýa goýumlary zerurdyr. Jepbarow Türkmenistan bu işe daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň edarasyny özünde açmak üçin iş alyp barýandygyny aýtdy.

Jepbarow tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň we 432 megawatt kuwwatlygy bolan turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny Türkmenistan bilen halkara guramalaryň we iri tehnologiýa kompaniýalarynyň uglerody azaltmak ugrundaky üstünlikli hyzmatdaşlygynyň mysaly diýip atlandyrdy. Bu taslamalara Ýaponiýa Halkara Hyzmatdaşlyk Bankynyň we NEKSI eksport karz gullugynyň hasabyna maliýeleşdirilýän beýleki täjirçilik gurluşlaryndan alnan karzlar çekildi.

Geçen ýylyň iýul aýynda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen 10 megawattlyk utgaşdyrylan Gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz şertnamasy baglaşyldy. Jepbarow, Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalarynyň hödürläp biljek beýleki geljegi uly "ýaşyl" taslamalaryna garamaga taýýardygyny aýtdy.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.