Habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary Guramanyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlygy maslahatlaşdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4558/original-163649b5b9b7d9.jpeg

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň arasynda wideokonferensiýa arkaly geçirilen duşuşykda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

«Duşuşykda, şu ýylyň ahyrynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip habarda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti ýokary derejede geçirildi, şol ýerde möhüm kararlar we resminamalar kabul edildi hem-de YHG-nyň ýurtlarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertler döredildi.

Hususan-da, Sammitde kabul edilen gutarnykly resminama - Hereketleriň Aşgabat ylalaşygy YHG-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döredildi, şeýle hem söwda, ulag, energiýa pudaklarynda döwletara gatnaşyklaryny, syýahatçylyk we pandemiýa garşy göreşe ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu guramanyň Daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisi 2021-nji ýylda Aşgabatda YHG-nyň agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmäge gönükdirilendir.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.