Göreldeli hyzmat ýola goýulýar

11:15 04.11.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4564/original-16364ade9c9a71.jpeg

Häzirki zaman dünýäsiniň iň iri energetika döwletleriniň hatarynda ählumumy ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň her biri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaklyga we il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga hyzmat edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýýan belent wezipelerini durmuşa ornaşdyrmakda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleyän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň düzümlerinde hem döwrebap işler amala aşyrylýar. Muňa bu müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynda bitirilýän işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekilýän bu kärhanada iş ýerleriniň tämizligini, enjamlaryň kadaly işlemegini we howpsuzlygyny hemişe ygtybarly üpjün etmek baş wezipe bolmagynda galýar.

Kärhananyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlaryň saz işledilýändigi hem görelde alarlykdyr. Ýangyçdyr çalgy ýagynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, Serdar nebit önümleri kärhanasy müdirligiň düzümindäki ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da Magtymguly we Bereket etraplaryndaky şahsy eýeçilikdäki awtoulag serişdeleriniň sany bu gün onlarça müňe ýetýär. Döwletimiziň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany bolsa hasam köp. Daşary ýurtlardan ýurdumyza, şonuň ýaly-da goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sanam az däl. Ol ulag serişdelerini ýangyç, çalgy ýaglarydyr gaýry nebit önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek bökdençsiz ýola goýulýar.

Halkymyzyň durmuş derejesini has ýokarlandyrmak, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, bu ugurda täze desgalary gurmak, ozaldan bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak babatynda döwlet derejesinde amala aşyrylýan özgertmeler hem bu kärhanadan sowa geçenok. 2014-nji ýylyň dekabrynda bütinleý täze gurlan kärhananyň düzümindäki gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýän beketleriň dokuzysynda; şonuň ýaly-da ýangyç guýujy bir sany göçme awtoulagda hem kompýuter arkaly dolandyrylýan kämil daşary ýurt enjamlary netijeli peýdalanylýar. Kärhananyň garamagyndaky beketleriň dördüsiniň soňky ýyllarda bütinleý täze gurlan desgalardygyny hem aýtmak gerek. Beketlerde amala aşyrylýan her bir işde hile aýratyn üns berilýär. Sarp edijilere hödürlenilýän nebit önümleriniň hili bu ýerdäki barlaghanada gündelik barlagdan geçirilýär we olara ýörite hil pasporty ýazylandan soň, sarp edijilere ýetirilýär. Kämil tehnologik enjamlar nebit önümleriniň hiline hemişelik gözegçiligi talabalaýyk amala aşyrmaga hem-de ýangyç saklanýan göwrümleri ygtybarly ulanmaga; ekologik howpsuzlygy pugta berjaý etmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda ulanylýan çalgy ýaglarynyň we beýleki nebit önümleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemek hakynda» kabul edilen karar hem bu kärhanada öz mynasyp çözgüdini tapýar. Bu bolsa nebit önümleriniň has-da tygşytly ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna we adamlaryň sagdyn ýaşaýşynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýedi aýynda 11 million 457 müň manatlyk girdeji gazanylyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 109 göterime golaý ýokarlandyrylypdyr. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe kärhana boýunça 48 müň 807 tonnadan hem gowrak nebit önümleri ýerlenipdir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 1,5 müň tonna golaý köpdür.

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk ählitürkmen toýuna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän kärhananyň hünärmenleriniň raýatlarymyza halal hyzmat edip, abraý gazanmaga ähli şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklarynyň çägi ýok.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.