Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, D.Durdylyýewi Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.
Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol edaranyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän R.Çarygulyýewiň üstüne ýüklenildi.
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy
28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunçä bäsleşik geçirildi
21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullady
21-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi
15-nji noýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady