Türkmen samboçylary altyn we bürünç medallarynyň ikisini Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda gazandylar
Türkmen samboçylary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Halkar ýaryş, sport we söweş sambosynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 21 agram derejesinde iň güýçli diýen ugurda göreşýän 50-ä golaý döwletden 400-den gowrak türgen ýygnady.
Bäsleşigiň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgeri Muhammet Kössekow iň ýokary baýraga mynasyp bolmaga başardy. Bu üstünlige Aşgabatdan gelen 24 ýaşly sport ussady, 64 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi.
Ilkinji tutluşykda Muhammet 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe bolan Ermenistanly Maksim Manukýanden, soňra bolsa Bolgariýaly Dimitar Stoýanowden üstün çykmagy başardy . Ýarym finalda ildeşimiz Gazagystan Respublikasyndan 2021-nji ýyldaky Dünýä ýaşlar çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Esentaý Imahanowdan has güýçli çykdy. Finalda bolsa, işjeňligi bilen Azerbaýjan Respublikasyndan Elwin Bagirowy 1:0 hasabynda ýeňmäne başardy.
Muhammet Kössekow ilkinji gezek dünýä çempiony bolýar. Geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda finalda Gazagystan Respublikasyndan Rahat Žanananiýeti ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Ýeňiji tutluşykdan soňra, M.Kössekow Halkara Sambo federasiýasynyň resmi web-sahypasyna beren interwýusynda: «Ýeňiş üçin öňümizdäki dünýä çempionadyna gidern» diýdi. Muhammet häzirki dünýä çempionatynda münberiň iň ýokary basgançagyna çykyp, sözünde durdy.
Zehinli samboçy birnäçe ýyl bäri bu üstünlige taýynlyk gördi. Ol ýaş Olimpiýaçylaryň mekdebinde tälimçi Döwlet Tejenow bilen sport ussatlygynyň esaslaryna düşündi. Soňra, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okaýan ýyllarynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowdan tälim aldy. Häzirki wagtda Muhammet Kössekow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde harby gullugynda we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nurýagdy Mamedow bilen Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport klubynda sambo ussatlygyny kämilleşdirýär.
Şeýle-de şu gün, dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene bürünç medallarynyň ikisini gazandylar. Bu medallara Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedow (98 kg-dan gowrak) mynasyp bolmaga başardylar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.