Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde nebitgazçy işçi-hünärmenler täze tehnologiýalary özleşdirýärler
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda-da önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylýan döwründe täze tehnologiýalardan, sanly ulgamdan kämil derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleri taýýarlamaklygy möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminde indi birnäçe ýyldan bäri döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Bu bölümde ýylyň dowamynda ýörite düzülen okuw meýilnamasyna laýyklykda kämilleşdiriş okuwlary geçirilip, onda işçi-hünärmenlere nebitgaz pudagyna ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, enjamlar, innowasiýalar barada giňişleýin düşünje berilýär. Okuw otaglary gerekli görkezme esbaplary, interaktiw tagtalar, nebitgaz önümçiligine degişli döwrebap tehniki serişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün edilipdir.
Hünäri kämilleşdiriş bölüminde baý iş tejribesi bolan mugallymlar zähmet çekýärler. Halypa mugallymlaryň okuw otaglarynda geçýän sapaklaryny işçi-hünärmenler çuňňur özleşdirýärler. Ozal nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda ençeme ýylyň dowamynda zähmet çeken, häzir şu mekdepde işleýän mugallymlar Amandurdy Agaýewiň, Orazgeldi Işangulyýewiň, Jumageldi Hydyrowyň, Pejepmyrat Annaýewiň baý önümçilik tejribesi bar.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän nebitgaz gözleg ekspedisiýalarynyň işçi-hünärmenleri okuw mekdebiniň otaglarynda ýerleşdirilen häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly buraw enjamlarynyň hereket edýän maketleriniň üsti bilen desgalaryň işleýiş düzgünleri, guýulara oturtma turbalarynyň goýberilişi, sement ergini bilen berkidilişi, guýularda ýüze çykýan gaz çüwdürimlerine garşy ulanylýan täzeçe, döwrebap usullar dogrusynda-da giň düşünje alýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalaryň okuw otagynda ýerleşdirilen hereket edýän maketler arkaly gaz känindäki guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy, soňra baş desga toplanylyşy, şu ýerde tebigy gazyň düzümindäki kükürtden doly arassalanylyp, harytlyk görnüşine ýetirilişiniň täze tehnologiýasy, soňra harytlyk gazyň ýokary basyşly geçirijiler arkaly sarp edijilere ugradylyşy beýan edilýär. Işçi-hünärmenler şu geçilýän nazary sapaklar arkaly gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň baş desgalarynda ornaşdyrylýan dünýä ülňülerine laýyk täze tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň başyndan bäri biziň bölümimizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik», «Türkmengazakdyryş» birleşikleriniň edara-kärhanalarynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýerlerdäki nebitgaz gözleg ekspedisiýalarynyň işçi-hünärmenleriniň ýedi ýüzden köprägi hünäri kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Olara hünäri kämilleşdiriş okuwyny geçendigi baradaky şahadatnama gowşuryldy — diýip, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň uly önümçilik ussasy Kakajan Kakageldiýew gürrüň berýär.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
Ussatnews.com.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.