Makalalar

Islegli hem ýokary hilli önümler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4638/original-1637721c4c7abd.jpeg

Ýurdumyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly geçginli önümleri öndürmek işine «Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň hünärmenleri netijeli gatnaşýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň ilki Naýyp, soňra bolsa Bagaja känlerinde häzirki zaman önümçilik desgalar toplumlary gurlup, üstünlikli işe girizildi. Şol toplumlarda işler sazlaşykly ýola goýulýar. Netijede, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri esasy bölegi daşarky bazarlarda ýerlenilýän önümleri öndürmek baradaky meýilnamalar aýma-aý berjaý edilýär.

Müdirlikde şanly ýylyň tamamlanan sekiz aýynda 80 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi we bu baradaky meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi. Jemi öndürilen önümiň 77,9 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy.

—Biziň hünärmenlerimiz çylşyrymly önümçilik desgalaryny başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar. Olar üçin amatly iş we dynç alyş şertleri döredilýär. Işgärlerimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has gaýratly zähmet çekip, taryhy ýyly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler — diýip, müdirligiň Naýypdaky desgalar toplumynyň ýolbaşçysy Atageldi Kurbaniýazow ynam bilen gürrüň berýär.

Biziň bu toplumyň başarjaň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolmagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar. Atageldiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary müdirligiň öňdebaryjylary hasap edilýär. Toplumda öz kärini kämil bilýän, ussat hünärmenleriň uly topary arman-ýadaman zähmet çekýär. Bu babatda olarda uly artykmaçlygyň bardygyny bellemek gerek. Sebäbi döwrebap desgalarda işleriň agramly bölegi kämil awtomatik enjamlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär, kompýuterler arkaly hem dolandyrylýar. Ýöne şeýle ýeňillikler, amatlyklar olaryň üstünden jogapkärçiligi aýyrmaýar. Hünärmenler önümçiligiň gidişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak bilen, oňa gerekli düzedişleri girizip durýarlar. Toplumyň ýolbaşçysy esasy tehnolog Daýanç Çaryýewiň, esasy mehanik Batyr Kurbaniýazowyň, tehnologik gurluşlaryň operatory Atageldi Baýmanowyň, II/V derejeli tehnologik nasoslaryň maşinisti Şanazar Kurbanowyň, esasy energetik Agajan Bäşimowyň bitirýän işlerinden örän hoşaldygyny kanagatlanma bilen nygtaýar.

Naýyp gaz käninde esasy işler bilen birlikde suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desganyň durkuny täzelemek işleri dowam edýär. Şeýle işler Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edýän we demir ýol hem-de awtomobil çeleklerine ýükleýän desgada hem alnyp barylýar. Bulardan başga-da, ady agzalan gaz käninde ilkinji gurlan suwuklandyrylan gaz öndürýän desganyň durkuny täzelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle tagallalar, ilkinji nobatda, geljege gönükdirilen işlerdir. Gazy gaýtadan işleýjiler geljegiň has-da şowly we ýokary netijeli boljakdygyna berk ynanýarlar. Ol bolsa kuwwatly desgalaryň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has gowulandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Munuň üçin bu sebitde tebigy gazyň täze ýataklaryny agtaryp tapmak işlerine giň gerim berilýär. Golaýda Demirgazyk Derwüş meýdançasynda ilkinji guýyny burawlamak işi üstünlikli tamamlandy. Şonda taslama çuňlugy 3200 metrden gowrak bolan barlag guýusy gazyldy. Hünärmenler bu meýdançada tebigy gazyň bol gorlarynyň bardygyny çaklaýarlar. Indiki geçiriljek işler olaryň çaklamalaryny tassyklamakda ähmiýetli bolar. Şeýle işler Demirgazyk Gazlydepe käninde hem alnyp barylýar. Şunuň ýaly tagallalar, ýokarda belleýşimiz ýaly, tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak bilen birlikde ony gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli önümleri has köp möçberde öndürmäge-de mümkinçilik berer.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: