Makalalar

Garadaşlydaky gerimli işler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4643/original-16379145eb008e.jpeg

Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda buraw ussasy bolup zähmet çekmek bilen, ýer astyndaky baýlyklaryň üstüni açmak, ýurdumyzyň baýlyk gorlaryny artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli iş bilen meşgullanýar.

— Mundan ozalky iş ýerimiz Goturdepe ýatagyndady. Bu ýerde 19-njy «a» gözleg guýusyny burawlamak işini ýerine ýetirdik. Şonuň netijesinde «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Bu şatlykly waka toparymyzyň agzalaryny has-da yhlasly we netijeli zähmet çekmäge höweslendirdi — diýip, buraw ussasy guwanç bilen gürrüň berýär.

Timur ýolbaşçylyk edýän toparynyň agzybir agzalarynyň şeýle şatlykly wakalaryň sanawyny ýene-de artdyrmak ugrunda ýadawsyz alada edýändiklerini aýratyn nygtaýar. Golaýda olar ýene bir möhüm buýurmany üstünlikli berjaý etdiler. Şonda Balkan welaýatynyň Garadaşly meýdançasynda ilkinji gözleg guýusyny burawlamak işi üstünlikli tamamlandy. Baýlyk agtaryjylar ene ýeriň 4600 metr çuňlugyna aralaşdylar. Deslapky geologik barlaglar bu meýdançanyň geljeginiň bardygyny görkezýär. Häzirki günlerde bolsa täze meýdançada burawlanan ilkinji guýuda synag işlerine gerim berilýär. Onuň netijeleri baýlyk agtaryjylaryň çeken zähmetiniň näderejede ýerine düşendigini görkezer. Diýmek, Timur we onuň kärdeşleri üçin tolgundyryjy pursatlar dowam edýär. Olarda ýene-de ýurdumyzyň baýlygynyň üstüniň ýetiriljekdigine berk ynam bar.

Ahyrky netijäniň şowly, tagallalaryň üstünlikli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, burawlaýyş işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Burawlaýjylar özleriniň jogapkärli wezipelerini ussatlarça berjaý edýärler. Timur Bazarow möhüm işlerde kärdeşlerine nusga alarlyk görelde görkezip, yhlasly zähmet çekýän toparyň agzalarynyň atlaryny höwes bilen agzaýar. Olaryň arasynda burawlaýjy Atajan Kandymow, buraw ussasynyň kömekçileri Serdar Hemraýew, Jumamyrat Rahmedow, meýdan geology Penji Abdullaýew we beýlekiler bar. Müdirligiň ýolbaşçylygy tarapyndan meýdan şertlerinde zähmet çekýän adamlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri we kadaly dynç almaklary üçin zerur şertler döredilýär. Maksatlaryň birdigi bolsa oňyn ilerlemeleriň berk binýadyny goýýar.

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürýär. Biz özümiz hakynda edilýän aladany ýakyndan duýýarys. Bu bolsa güýjümize güýç goşýar. Maksadymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şowlulyklara beslemek, ýetip gelýän hünär baýramymyzy uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak bolup durýar. Şol belent maksadymyza abraý bilen ýetmek üçin geljekde-de yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýip, buraw ussasy Timur Bazarow ynam bilen aýdýar.

Hawa, Garadaşlyda tutumly işleriň başy başlandy. Lebaply burawlaýjylar täze meýdançany özleşdirmek işine ilkinji bolup girişmegiň hut özlerine ynanylmagyny ýokary jogapkärçilik, belent borç hökmünde kabul etdiler. Olaryň bilelikde, agzybirlik bilen edýän tagallalary ýerine-de düşer. Garadaşlynyň baýlyklaryny eçiljek günleri hem indi uzakda däl.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: