Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda taslamalara maýa goýmak üçin bilelikde bank dörederler
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri iki ýurtda hem wekilçiliklerini açmak bilen, bilelikde bank döretmegi meýilleşdirýärler. Şeýle teklip Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda bellenildi diýip, TDH habar berýär.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belläp, biziň ýurdumyza ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň, onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyklar mahalynda gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika, maliýe ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýum hem-de karz serişdelerini çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, bu gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşyk Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda BAE resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.