Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: BAE bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4664/original-1637e6ece99cc8.jpeg

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebit pudagynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň üstünlikli işläp gelýändigini aýdyp, BAE-niň beýleki kompaniýalaryny hem ýurdumyzyň energetika pudagyny, gazhimiýa senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan ýurt bolmak bilen bir hatarda, «ýaşyl» energetikany hem ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýöriteleşdirilen IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça tagallalarymyzy goldandygy üçin BAE-niň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda ýurdumyzda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekildi.

— Giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetendigimize ynanýaryn. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp bilerler. Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip bilerler. Biz munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge, maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde berilýän zerur goldawy üpjün etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutany nygtady.

«Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde üç sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Abu Dhabi Ports Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilýär. Şeýle-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary etmek we dürli eksport-import amallaryny geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.