Makalalar

«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4672/original-16380a258805b1.jpeg

«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki döwürde welaýat merkezi bolan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan edaranyň agzybir işgärleri welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen birlikde şäherde bar bolan ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda hem wajyp işleri durmuşa geçirýärler. Netijede, şäheriň çäginde bar bolan 61 sany gazanhana barýan gaz geçirijiler we gaz sazlaýjy enjamlar olar tarapyndan düýpli abatlanyp, ýyladyş möwsümine doly taýýar edilip, häzirki döwürde 370 ýaşaýyş jaýy, 27 edara binasy, şonça-da orta mekdep, 2 sany çagalar sagaldyş-okuw mekdebi hem-de ýüzlerçe hususy ýaşaýyş jaýlary talabalaýyk ýyladylýar. Munuň üçin welaýat merkeziniň tebigy gazy ulanyjylarynyň şäheriň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 550 kilometre golaý ýeriniň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 445 sanysynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda nusgalyk zähmet çekýän edaranyň gazçylaryna hoşallyklarynyň çägi ýok.

— Men Daşoguz şäheriniň «Merkez-1» ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýaryn. Şäherimiz soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt baradaky aladalary netijesinde tanalmaz derejede özgerdi. Soňky döwürde gymmatly «mawy ýangyç» bolan tebigy gaz bilen üpjünçiligimiz hem has gowulandy. Ýylyň islendik döwründe onuň eşretli hözirini görüp ýaşaýarys. Eger gaz enjamlarymyzda bir näsazlyk ýüze çyksa, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasyna jaň edýäris. Olaram tiz gelip, gaz plitalarymyzy düzedip berip, içeri öý enjamlaryny gözden geçirip gidýärler. Şonuň üçin bu edaranyň gazçylarynyň hyzmatyndan biz diýseň hoşal — diýip, Arazmyrat Amanow hoşallyk bilen aýdýar.

— Edaramyzyň näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynyň işgärleri gije-gündiziň dowamynda halkymyzyň hyzmatynda. Bu ýerde tebigy gazy ulanyjylardan, ýagny ilatdan gelýän sargytlar kabul edilip, gyssagly öwrenilip, degişli hünärmenlerimiz tarapyndan dessin netijeler çykarylýar. Hojalyklarda, edara-kärhanalarda ýüze çykmagy mümkin bolan näsazlyklar düzedilip, tebigy gazyň tygşytly we howpsuz ulanylmagy gazanylýar.

Bu ugurda gullugymyzyň sargytlary kabul edijisi Gülruh Ýusupowa, slesar-bejerijiler Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow, Allaberdi Meretdurdyýew, ýöriteleşdirilen awtoulagyň sürüjileri Farhat Kakabaýew we Gurbanmuhammet Meredow ýaly agzalarynyň alyp barýan işleri köplere nusgalykdyr — diýip, gullugyň ýolbaşçysy Meretgeldi Amanow aýdýar.

Biz welaýat merkezinde bolanymyzda, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri şäherde bar bolan dürli basyşly gaz ulgamlaryny we enjamlaryny gyş möwsümine doly taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolduk. Aýratyn hem, şäheriň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumynda, «Merkez-1», «Suwçy» we Gülüstan şäherçelerinde bar bolan gaz geçirijilerde alnyp barlan arassalaýyş we düýpli abatlaýyş işleri netijesinde öňden hereket edýän gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçilikleri ep-esli artdyrylypdyr. Munuň özi öňde duran gyş möwsüminde şäheriň tebigy gazy ulanyjylarynyň gymmatly «mawy ýangyjyň» bökdençsiz hem-de eşretli hözirini görüp ýaşamagyny şertlendirer.

Dädebaý NARTYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.