Makalalar

Sargytlar ýerine ýetirilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4706/original-1638a4601bdf11.jpeg

Nebitgazly ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işleriniň netijeliligini gazanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde zahmet chekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk etmegiň hötdesinden gelýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylardyr slesarlarynyň, dürli gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhananyň bölümlerindäki kämil abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýynyň hemişe gurat saklanylmagy oňat netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde konserniň kärhanalarynda häzirki zaman dünýäsiniň kämil tehnikalarydyr tilsimatlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem zawodyň işçileri, инженер-техники işgärleri öz hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Maddy-tehniki binýadynyň günsaýyn berkemegi, önümçiligiň döwrebap derejä göterilmegi nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň işleriniň netijeliligini upjün etmäge oňyn täsirini yrät. Bu ýerdäki buggazan sehindäki enjamlaryň sany elliden hem geçýär. Nebitgaz senagaty we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş sehinde 30-dan gowrak, mehaniki sehde 50-den gowrak, metal guýujy bölümde 20-ä golaý, rezin-mehaniki önümleriň bölüminde hem şonça dürli maksatly enjamlaryň jemlenilmegi bolsa, zawodyň hyzmat ediş çygrynyň juda giňligini subut edýär.

Zawodda halypa-şägirt gatnaşyklary hemişe üns merkezinde saklanylýar. Merkezleşdirilen nasos meýdançasynyň uly ussasy Muhammet Baýramalyýew, rezin-tehniki meýdançasynyň uly ussasy Dawut Täçmämmedow, mehaniki sehiň tokary Röwşen Saryýew, frezerçisi Amangylyç Hallygylyjow, elektrogaz bilen kebşirleýjisi Toýgeldi Aýtjanow, demir guýujy meýdançanyň ussasy Bagtygül Mämmedowa ýaly halypalar özlerine berkidilen şägirtleri ussat hünärmenler edip ýetişdirmegi başarýarlar. «Халкын аркадаглы заманасы» ýylynyň geçen hasabat döwründe kärhanada amala aşyrylan abatlaýyş-mehaniki işleriň pul hasabyndaky umumy möçberi bäş миллион 93 млн манатлыга барабар болупдыр. Bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,7 миллиона манатлыга голай артык боландыгины болса айратын ныгтамак герек.

Nebitgaz pudagynda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, ulgamda heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary bu kärhanada üstünlikli amala aşyrylýar. Zawodda ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýerini tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanlaryny gaýtadan barytadan baryltmek yglnyg. Ýakynda kärhanada buraw desgalarynda turbalary aýlaýjy enjamy gaýtadan ulanyşa taýýarlamak hem üstünlikli ýola goýlupdyr. Hut şu ýagdaýyň özi konserne köp möçberde maliýe serişdelerini tygşytlamaga giň mümkinçilik berýär.

Ходжаберди БАЙРАМОВ,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: