Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary hünär baýramy bilen gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4776/original-163994c20ce03d.jpeg

Gadyrly nebitçiler,

gazçylar we geologlar!

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar.

Şoňa görä-de, nebitgaz senagatyny ösdürmek ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Şu nukdaýnazardan, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik.

Nebite we gaza baý täze, önümli ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işleriniň geçirilmegine, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlarynyň döredilmegine, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Nebitgaz pudagynda işleriň alnyp barlyşynda täze usullary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär. Häzirki wagtda hem öňdebaryjy önümçilikleri döretmek, hereket edýän desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri energetiki taslamalar halkara derejede möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz tarapyndan gaz geçirijileriň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy we sebitiň döwletlerinde iň häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Gaz senagatyna degişli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitlerimizi toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak babatda alnyp barylýan işler örän guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, agtarmak, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek hem-de bu işleriň alnyp barlyşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda uly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we sergisiniň geçirilmegi, şeýle hem «ADIPEC 2022» atly halkara nebitgaz sergisine gatnaşylmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Geljekde hem nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň işgärleriniň öňde goýlan ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri,

gazçylary we geologlary!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilip geçilýän hünär baýramyňyz bolan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.