Makalalar

Ýaşlykda dünýäni özgerdenler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4800/original-1639f622dc09d1.jpeg

Ynsan ogly 20 ýaşynda-da, 30 ýaşynda-da, 40 hatda 50 ýaşynda-da ylymda beýik açyşlary etmäge ukyply. Muňa garamazdan alymlaryň şu çaka çenli eden açyşlarynyň agramly bölegi olaryň ýaşlyk ýyllarynda amala aşyrylypdyr. Çünki adam 30 ýaşaýança has maksadaokgunly, ýadamazak bolýar. Özüni has erkin duýup lükgeligi bilen ylma garylyp bilýär. Galyberse-de bu ýaşa çenli adamyň beýnisi işjeň we ýatkeş bolýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä 30 ýaşda adamyň aňynyň işjeňlik ukyby özüniň iň ýokary derejesine ýetýär. Şondan soňra az-kem gaýytgynlar başlanýar. Bu ýaşda adam hatda ýatyp ukusyny almazdan hem iki gije – gündiz arkaýyn işläp bilýär.

Albert Eýnşteýn “30 ýaşyna çenli ylma sowutly goşant etmedik adam ondan soňra-da “gala almasa gerek”diýýär. Şeýle-de bolsa adam 40 ýaşyndan soňra kes-kelläm uly açyş etmez diýmek dogry däldir. Bu diňe ylmy açyşlaryň agramly böleginiň alymlaryň ýaşlyk ýyllarynda açandyklaryny aňladýar.

Belki Eýnşteýn bu sözleri aýdanynda özüni göz öňüne getiren bolmagy-da gaty mümkin. Alymyň özi heniz 26 ýaşynda wagty ýörite görälik teoriýasyny döredýär we fotoeffekt hadysasyny düşündirýär. Munuň üçin ol “Nobel” baýragyna eýe bolýar. Alym öz adyny adamzat taryhynda ölmez – ýitmez derejä ýetiren umumy görälik teoriýasyny bolsa 36 ýaşynda esaslandyrýar”.

“Nobel” baýragynyň eýesi, italýan radiotehnigi we telekeçisi Gulelma Markoni 21 ýaşyndaka “simsiz telegrafy” oýlap tapýar. Eýýäm 22 ýaşynda bu açyşyna tassyknama alyp, “Markoni K” atly läheň paýdarlar jemgyýetini esaslandyrýar.

Meşhur iňlis fizigi we matematigi Isaak Nýuton bütindünýä dartylma kanuny heniz 25 ýaşyny hem doldurmanka açýar.

“Nobel” baýragynyň eýesi beýik nemes fizigi Werner Geýzenberg ylymda kwant mehanikasynyň düýbüni goýan mahaly 23 ýaşynda eken.

Kwant mehanikasyny esaslandyranlaryň ýene-de biri Pol Dirak 25 ýaşynda eden ylmy işi üçin 31 ýaşynda “Nobel” baýragyny alypdyr.

Iňlis matematigi we kriptografy Alan Týuring 25 ýaşynda kompýuteri döretmegiň esaslaryny düşündirip bilipdir.

Dünýä belli oýlap tapyjy we telekeçi Tomas Edison ilkinji açyşy bolan telograf jogapberijisini oýlap tapan wagty 12 ýaşynda eken. Galyberse-de Edison oýlap tapyşlar boýunça iň köp tassyknamanyň eýesidir.

Belorus fizigi Žores Alfeerow “Nobel” baýragyny almagyna sebäp bolan beýik açyşyny eden wagty 31 ýaşynda eken.

Mukam BATYROW.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.