Beýik başlangyçlar rowaçlanýar
Ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň bellenilýän dekabr aýynda beýik başlangyçlaryň birnäçesine ak pata berlip, uly öwrülişikler nebitgaz ulgamynda hem amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu halkara gaz geçirijisi Türkmenistanyň çäginden Hindistana çenli 1814 kilometre uzalyp gidýär. Onuň 214 kilometri bolsa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ine, şeýle möhüm ähmiýete eýe boljak bu gurluşykda eýýäm birnäçe işler bitirildi.
Öz gözbaşyny gadymy Mary topragyndaky «Galkynyş» gaz käninden alyp gaýdýan bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlen güni Türkmenistanyň öz energetika gorlaryny umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek syýasatyny üstünlikli ýöredýändigine şaýatlyk edýän möhüm waka hökmünde taryha girdi. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen onuň ugrunda 12 müňe golaý täze iş orunlary dörär. Ol birnäçe ýurtlaryň ykdysadyýetine özüniň peýdaly täsirini ýetirer we türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligini atdyrar. Şeýlelikde, hemmeler üçin-de bähbitli boljak TOPH taslamasynyň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin degişli taraplar yzygiderli gyzyklanyp, birnäçe işleri alyp barýarlar.
Bu babatda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň birnäçe gezek Aşgabatda geçiren duşuşyklarynda möhüm meseleler orta atyldy. Şonda bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň hemmelere nusgalyk anyk ädimleri ädýändigi bellenildi. Bu ýöne ýerden däl, häzirki wagtda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hut şu maksat bilen-de gaz känlerini özleşdirmek boýunça döwrebap desgalaryň toplumlarynyň ençemesi guruldy. Şu ýylyň 4-nji ýanwarynda Mary welaýatynda iş saparynda bolanda Gahryman Arkadagymyz bu barada söz açmak bilen, şeýle diýip belledi: «Ýurdumyzda nebitgaz toplumyna köp mukdarda maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini, şol serişdeleriň pudagy ösdürmekde, nebitgaz kärhanalaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmekde, geologiýa-gözleg, buraw işlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz känlerinde ýerine ýetirilýän işleriň howpsuzlyk derejesi hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr...».
Şu sözlerden görnüşi ýaly, nebitgaz senagaty köp sanly uly möçberli maýa goýumlaryny özüne çekmek bilen täze belentlikleri nazarlaýar. Sebäbi dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazyny çykarýan Türkmenistan geljekde, ýakyn ýyllarda tebigy gazyň eksport möçberini has-da artdyrmagy öz öňünde esasy maksat edip goýdy.
Möhüm taslamanyň, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň anyk mysalydyr. Türkmen tarapynyň teklip etmegi esasynda Aziýanyň Ösüş banky bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin maliýe serişdelerini berýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetiniň örän uly boljakdygyny abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri-de tassyklaýarlar. Galyberse-de, bu gaz geçiriji sebitde syýasy ýagdaýlary durnuklaşdyrýar.
Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň her birine ykdysady taýdan hem uly peýdalaryň gelýändigi düşnüklidir. Türkmen tebigy gazyny uzakmöhletleýin we durnukly esaslarda turbageçirijileriň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarmagyň döwletimiziň halkara energetika strategiýasynyň esasy ugry bolup durýan mahalynda TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Jemläp aýdanymyzda, TOPH gaz geçirijisi ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatly köprüsine öwrüler.
Ylham JUMAGELDIÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.