Habarlar

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4823/original-163a3cc89a9a8a.jpeg

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň, baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň zähmet we durmuş ýoly şu günki ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepaly bolup, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna şu aşakdaky şahslaryň adyny dakmaly:

1. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýip atlandyrmaly.

2. Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmaly.

3. Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmaly.

4. Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmaly.

5. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmaly.

6. Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmaly.

7. Welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýip atlandyrmaly.

8. Drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmaly.

9. Ýörite sungat mekdebine beýik sungat ussady, halypa bagşy, mukamçy-kompozitor, Ahal bagşyçylyk ýoluny esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň halk bagşysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýip atlandyrmaly.

10. Çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy, milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy

G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.