Makalalar

Kompýuter syçanjygy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4885/original-163b3358a74661.jpeg

Käbir häzirki zaman enjamlary görüp, aňymyzda onuň nähili döredilendigi baradaky pikir peýda bolýar. Mysal üçin, özboluşly kompýuter syçanlygy. Ol bolmasa kompýuteri ulanyp bolmaýar diýen ýaly. Aslynda, komýuter syçanjygyny kim haçan döretdikä?

1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda kompýuter ylymlary boýunça geçirilen maslahatda amerikaly oýlap tapyjy Duglas Engelbart ekranda obýektleri görkezmek üçin manipulýatory köpçülige hödürledi.

Täsin fakt – Duglas Engelbart syçanjygy Nasa-nyň görkezmesi boýunça taýýarlap belli bir derejede kämilleşdirdi, ýöne ol nol agyrlyk güýjünde işlemeýändigi sebäpli oýlap tapyş kän bir giň baha eýe bolmady.

Näme üçin “syçanjyk” diýildikä?

Onuň adyny syçanjyk bolmagynyň esasy sebäbi enjamynyň siminiň bolmagy. Ol oýlap tapyja adaty syçany ýatladypdyr we onuň ilkinji görnüşi ýekeje düwmeli agaç bolupdyr. Oýlap tapyjy enjam diňe wagtlaýyn seýle atlandyryp, soňlugy bilen has ýerlikli atlandyrylar diýip pikir edipdir.

Ilkinji meşhurlyk

Kompýuter syçanjygy diňe 1980-nji ýyllarda meşhurluga eýe bolup başlaýar. Syçanjygyň önümçiligi üçin “Apple” kompaniýasy patent alyp, ony has ýönekeý görnüşe getiripdir.

Birinji syçanjygyň bahasy

Syçanyň bahasy ilkibada 1000 ABŞ dollaryna barabar bolupdyr, ýöne “Apple” onuň bahasyny 25 dollara çenli arzanladypdyr.

Syçanjygyň özgeriş taryhy

“Xerox” kompaniýasy 1981-nji ýylda tigirçekli syçanjygy hödürledi. Onda syçanjygyň ekrandaky kursory syçanjygyň aşak böleginde goýlan tigirçek we ondaky iki rolik bilen dolandyrylýardy. Ol ýeňil we ulanmak üçin amatlydy, ýöne rolikleri ýapýan tigirçekde ýygy-ýygydan tozan ýygnanyp durýardy.

1996-njy ýylda “Microsoft” kompaniýasy resminamalaryň bir sahypasyndan beýlekisine geçmäge mümkinçilik berýän ýa-da suratlary ulanyp bilýän aýlaw tigirli syçanjygy köpçilikleýin öndürip başlady.

Ony ýörite halyçasyz ulanyp bolýardy we onuň bahasy 84.95 ABŞ dollaryna barabardy.

90–njy ýyllaryň ahyrynda tozan ýygnaýan tigirçek we rolikler öz funksiýasyny LED we sanly optiki syçanjylar bilen çalyşdy. Olaryň içinde ýagtylyk çykaryjy we wideo kamera çalym edýän ýörite datçik işleýär. Onuň ýetmezçiligi bolsa syçanjygyň aýna, ýalpyldawuk hem-de o diýen tekiz bolmadyk ýerlerde kadasyz işleýänligidir.

Ilkinji köpçilikleýin öndürilen simsiz syçanjyklar 2001-nji ýyda jemgiýetçilige ýetirildi. Soňra 2004-nji ýylda “Logitech” kompaniýasy optiki datçikden on esse duýgur bolan lazer datçigi bilen işleýän syçanjygy oýlap tapdy. Şondan soň ekrandaky kursor has takyk şöhlelendi we ýerini üýtgetmedi. Bu hili syçanjygy dolandyrmak bolsa aýnanyň üstünden başga islendik ýerde mümkindi.

Çemen ÇERKEZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.