Makalalar

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4890/original-163b5838f73fc9.jpeg

Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.

Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipler nazara alnyp Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edildi.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýylyň nyşany tegelek Zemin şekilinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi bütin jahana we Garaşsyz, Bitarap, Berkarar döwletimiziň asudalygyny we bagtyýarlygyny aňladýan Türkmenistanyň açyk ýaşyl öwüşgindäki kartasyna ýalkym saçýar. Ýaşyl reňk ösüşi, özgerişi we bahar paslyny alamatlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny, ýagny halkyň Arkadagly Serdary bilen bagtly durmuşy gurýandygyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarsynda guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntyjagy ýatladýan şekil ýerleşdirilen. Ol bolsa, Türkmenistany öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.

Gyzyl, ýaşyl, sary, benewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gülýapraklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol türkmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär.

Nyşanyň aşagyndaky 2023 diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalar 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär.

Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan filosofiýasyny, ýol-ýörelgesini görkezýär, bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde eziz ata-Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.

Geçen ýyl uly ynam bilen täze döwrüň gapysyndan ätlän watandaşlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda-da has-da belent sepgitlere ýetjekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Mekan GAHRYMANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Başga makalalar
168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.