Ajaýyp döwür döretmäge ganat berýär

14:00 05.01.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/496/original-15ff42ab3ae95c.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň öňe çykaran zehinleriniň biri Aýşat Hojamuhammedowanyň ady köp sanly okyjylara tanyşdyr. Ýaş şahyr Aýşadyň döredijiligi ýurt derejesinde ykrar edilip, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenjek ýyllynyň ilkinji günlerindeki söhbetdeşligimiz şahyr gyz bilen edebiýat, onuň şu güni we geljegi, ajaýyp döwrümiziň adamlara bagyşlan bagtynyň edebiýatdaky beýany hem-de onuň şahsy döredijiligi barada boldy.

– Aýşat, söhbetdeşligimizi siz hakdaky maglumatlardan başlaýalyň! Ýaş şahyry ýakyndan tanamak biziň üçin hem, okyjylar üçin hem gyzykly.

– 1993-nji ýylda Ahal welaýatynyň Baharly şäherinde eneden doguldym. Etrabymyzdaky Annaberdi Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebi 2010-njy ýylda tamamladym. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary hünärine okuwa girdim we ony şu ýyl tamamladym. Häzirki wagtda «Nesil» gazetiniň habarçysy wezipesinde işleýärin.

– Şygyr ýazmaga haçan girişdiňiz?

– Yhlasa gol ýapmak kämilleşdirýär. Okuwçy döwürlerim ýazýan goşgularymy mekdepdäki geçirilýän çärelerde, çykyşlarda höwes bilen okardym. «... Halypasyz ussa bolmaz» diýlişi ýaly, halypa görmek, olardan degerli maslahat almak iňňän zerur zat. Döredijilik ýoluna gelmegime — şygryýete ugrukmagyma itergi beren esasy halypam Orazmyrat Myradow. Men ondan häzir hem köp zatlary öwrenýärin ...

– Ilkinji çap bolan goşgyňyz barada aýdaýsaňyz!

– Ol gün hiç wagt ýadymdan çykmasa gerek. 8-nji synpda okaýardym. «Edebiýat we sungat» gazetinde «Kerem», «Buýsanç» atly iki goşgymyň çap bolandygyny görüp, baý, begenmek begenipdim. Begenjimden ýaňa uzyn gün gazeti elimden düşürmesem nätjek. Ýatsam-tursam hyýalymda arzuw edýän hakykatyma ýetmegim, şygryň şirinligi meni ymykly imrindirdi oturyberdi. Döredijilikdäki ilkinji ädimimiň ullakan ýadygärligi hökmünde şol gazeti henizem aýap saklaýaryn. Çyn şatlygymyň şaýady bolan zatlar gözüme yp-yssy.

– Siziň özüňize haýsy şahyrlaryň döredijiligi has ýakyn?

– Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Nobatguly Rejebow, Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew ... dagylar iň arzyly şahyrlarym. Olaryň her bir eserini ürç edip okaýaryn.

– Siz döredijiligiň şygyr görnüşiniň geljegini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

– Şygryň iň gowy setirleriniň halk köpçüligi tarapyndan nakyl hökmünde (özümem şeýle) ulanylýan ýerleri bar. Eger şygyrdan nakyl, aýdym ... döreýän bolsa, Gün nury kimin uzak asyrlara şöhle saçar.

– Ýogsa-da, şygyr nähili döreýär? Öz mysalyňyzdan aýdaýsaňyz!

– Kerim Gurbannepesowyň: «Goşgy diýilýän zat dil bilen gürrüň berip bolmaýanlygy üçin ýazylýar» diýmesi şygyr üçin iň gowy kesgitleme bolsa gerek. Şygyr – duýgularyň säginmesi. Ol gaýtalamazlygy we gaýtalanmazlygy talap edýär. Hiç zat ýok ýerinden kalbyň heserlenip, çolalyk küýsemesi, gözüňe galam-depderden başga zatlaryň görünmezligi ylhamyň gelendigini aňladýar. Şonda birbada hemme zady ýazarly görünýäň. Şeýle pursatlaryň haçan geljegi näbelli. Täsin duýgy. Oňa diňe gelip-gideninden soň aklyň çatýar.

– Siziň pikiriňizçe, döredijiligiň beýleki görnüşlerine garanyňda, şygryň ýürege has ýakynlygynyň sebäbi nämede?

– Goşguda hyýaly giňişlige bora-boýuňa çümüp, şygryň dili bilen dürli temalara ýüzlenip bolýar. Duýgularyň akymy wakalary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Duýgy rişdesiniň agdyk bolmagy, şygry ýürege has ýakyn edýär.

– Kyssa bilen araňyz nähili? Gazetlerde siziň oýlanmalaryňyzam çap edilýär.

– Çaga wagtlarym hekaýa ýazyp, bir bäsleşikde ýeňiji bolupdym. Käýarym oýlanma ýazsamam, proza doly girişiberemok. Goşgy maňa has ýakyn ýaly bolup dur.

– Şahyry şygryndan tanap bolarmy?

– Bolar.

– Ýazan goşgularyňyzdan halaman, ýyrtyp zyňýan wagtlaryňyz bolýarmy?

– Käwagtlar iki setirden aňryk geçip bilmeýän halatlarym bolýar. Şonda göwnüme bolmasa, gaýdyp hiç wagt goşgy ýazmajak ýaly bolýar. Öňki ýazanlaryňy okap, «Nädip ýazdymkam?» diýip pikir etmek – agyr duýgy. Çapa hödürlärden ejiz goşgularymyň köpüsini ýyrtyp zyňanymy gowy görýän. Kemis goşgyň ýaramazlygyny özüň bilip durkaň, özgelere okatmagyň hajaty ýok. Dyňzap gelen duýgularyň söze öwrülmeginden gowy zatlar döreýär. Gursagymyň duýgulardan saplanyp, boşap, takrap galmagyndan her gezek (şahyrlar üçin adaty hem bolsa) «ýazyp bilmezlik» derdine duçar bolanymda gorkýan...

– Köp okamalymy ýa-da köp ýazmaly?

– Köp okamak, köp zat öwredýär. Ýazmak üçin köp zatdan habarly bolmak bilen bir hatarda, dünýägaraýşyňam giň bolmaly. Diýmek, ilki okamaly, soň ýazmaly ...

– Her şygyrda täzeçillik hökmanmy?

– Şygyrdaky täzeçillik okyjyny özüne çekýär. Ýöne her şygyrda täzeçillik bermek mümkin dälmikä diýýän. Her zady öz garaýşyň bilen beýan edip bilmegiň özem uly başarnyk.

– Siziň pikiriňizçe, goşgy ýazylanda täsirlenmeden doly halas boljak bolmak dogrumy?

– Käte täsirlenmeden öňki ýazanlaryňa görä, has gowy goşgularyň döreýän wagtlaram az bolanok... Döredijilige täsirlenmäniň ýetirýän täsiri uly. Şonuň üçin aşa gaça durmaklyk gerek dälmikä diýýän.

– Goşgyňyzdan bir bendi bilen paýlaşaýsaňyz.

– Eje, diýşiňdenem zyýat bu dünýe,

Ölçegi giň eken göwnüňe görä.

Söýseň, söýgi gelýän eken yzyna,

Her ýagşylyk üçin berilýär sogap...

– «Nebit-gaz» gazeti döredijilige çemeleşýän okyjylary höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikleri, onda-da döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli yglan edip durýar. Şol bäsleşikleriň birine gatnaşyp gören we ýeňiji bolan döredijilik işgäri hökmünde olaryň ähmiýeti hakyndaky pikiriňizi hem biläýsek.

– «Nebit-gaz» iň söýüp okaýan gazetlerimiň biri. Islendik ýaşdaky adamlara bu gazetiň yglan eden bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik berilmegi begendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy we «Nebit-gaz» gazetiň bäş ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli yglan edilen «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigine goşgularym bilen gatnaşyp, birinji orny eýelemegim meni buýsandyrdy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi biz – ýaşlarda uly täsir döredýär.

– Şa serpaýyna – Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýen ada mynasyp bolmak belent mertebe. Şol bir wagtyň özünde-de munuň özi geljekde has kämilleşmegi, indiki eserleriňi Arkadag Prezidentimiziň yglan eden bäsleşiginiň ýeňijisine mynasyp döretmegi talap edýär.

– Dogry aýdýarsyňyz. Döredijilikdäki ädimlerimiň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy göwün guşumy göge uçurdy. Bu meniň durmuşymdaky iň uly bagt. Ýatdan çykmajak wakalar ynsanyň ömrüni bezeýär. Güýzüň ilkinji ongünlüginde, ýagny doglan günümiň laýyk bir aý öňünden Awazanyň kenarynda geçen şol ajaýyp pursatlary henizem uly tolgunma bilen ýatlaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda edebiýat, medeniýet we sungat ussatlaryna uly sarpa goýulýar. Bu bolsa her bir döredijilik adamsyny döwrüň ruhuna kybap, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini we mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän eserleri dörederis diýip ynandyrýaryn. Milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açan milli Liderimize alkyşymyz çäksizdir. Goý, eşretli ýaşaýşymyzyň nurly günleri durmuşymyza hemişe şatlyk getirsin.

Söhbetdeş bolan

Agageldi ITALMAZOW,

                       žurnalist.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.