Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda muzdsuz suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda tabşyryk berdi
Türkmenistan gyş möwsüminde ýangyç çig malynyň ýetmezçiligi zerarly kynçylyk çeken Özbegistana goldaw bermek üçin bu ýurda suwuklandyrylan gaz iberer.
BU barada Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy muzdsuz berer.
Bu resminama Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen kabul edildi.
Şu ýyl Orta Aziýada aşa sowuk howa höküm sürdi, netijede Özbegistanda ýangyç serişdeleriniň ýetmezçiligi emele geldi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Hytaýa gazyň eksportyny wagtlaýyn togtatdy we käbir sebitlerinde ýangyç guýujy beketleriniň işini çäklendirmeli boldy. Bu beketleriň birnäçe suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýärdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.