Habarlar

Ýurdumyzda ýakyn wagtda Türkiýede tebigy heläkçilik zerarly şehit bolanlary hatyralap sadaka beriler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5031/original-163e495ac48f98.jpeg

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly möçberli weýrançylyklara getirendigini gynanç bilen belläp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýede agyr betbagtçylygyň bolandygyny, bu tebigy hadysada köp sanly adamlaryň şehit bolandygyny, müňlerçe adama şikes ýetendigini aýdyp, özüniň çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň adyndan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana, ähli türk halkyna gynanjyny bildirip, «Boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adyndan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.

Чрезвычайный и Полномочный Посол Турецкой Республики в Туркменистане Тоган Орал от имени турецкого народа и Правительства, а также от себя лично выразил сердечную признательность Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову за то, что он нашёл время приехать в Посольство и в этот тяжёлый момент адресовал слова поддержки турецкому народу, сказав, что передаст слова соболезнования Президенту Турецкой Республики. Прибытие Героя-Аркадага в Посольство и выражение соболезнования – большая честь для турецкого народа, сказал посол.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de türk halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we beýan edilen medet beriji sözleri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýetirjekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň ilçihana gelip gynanç bildirmegi tutuş türk halkyna bildirilýän beýik mertebedir diýip, ilçi nygtady.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.