Ýyladyş desgalarynyň kadaly işlemegi gazanylýar
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri häzirki gyş günlerinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edýärler. Munuň özi müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna we «Gazawat» senagat meýdançasyna degişli zähmet köpçüliklerinde alnyp barylýan derwaýys işleriň sazlaşykly gitmegini hem-de ol ýerlerde işleýän zähmet adamlarynyň amatly iş orunlarynda işlemegini şertlendirýär. Müdirligiň degişli hünärmenleri şular ýaly amatlyklaryň «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralarynyň ählisinde-de döredilendigini gürrüň berýärler.
Mälim bolşy ýaly, müdirligiň garamagyndaky «Döwletabat — Derýalyk» iri gaz magistraly ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän gäz känlerinden alynýan gymmatly «mawy ýangyjy» Diýarymyzyň demirgazygynda ýerleşýän böleginiň ilatyna ýetirmekde we Ýewropa ugry boýunça dünýä bazaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli gaz geçirijileriň biridir. Munuň şeýledigine düşünýän müdirligiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň, şol sanda «Gazawat» senagat meýdançasynyň işçi-hünärmenleri gaz akdyryjy, gaz gysyjy hem-de gaz paýlaýjy desgalar bilen bir hatarda, dolandyryş we önümçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamakda hem ýylyň başyndan bäri giň göwrümli işleri durmuşa geçirdiler. Biziň bu ugurda «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň başlygy Durmuş Kakaýew bilen başlanan söhbetdeşligimiziň dowamy olaryň häzirki döwürde alyp barýan gündelik wajyp işleri baradaky gürrüňlere ulaşdy.
— Şu ýyl gyş pasly öňki ýyllardakydan has sowuk geldi. Munuň özi gazçylaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Biz howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerine ir girişdik. Gyşa taýýarlyk işleri ýylyň başyndan bäri müdirligimiziň merkezi dolandyryş edarasyndan we «Gazawat» senagat meýdançasyndan başga-da, onuň düzümine girýän Ýöriteleşdirilen ulanyş, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik, Jemleýji we üpjün ediji tehniki önümçilik hem-de Awtoulaglar edaralarynda, şeýle hem «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän gaz gysyjy desgalarda hem meýilnamalaýyn esasda guramaçylykly alnyp baryldy. Degişli hünärmenler tarapyndan binalaryň ýyladyş ulgamlary doly gözden geçirilip, zerur bolan ýerlerinde düýpli abatlaýyş we dikeldiş işleri geçirildi. Netijede, bir tarapdan, ýyladyş ulgamlarynyň saz işlemegi gazanylan bolsa, ikinji bir tarapdan, müdirligimiziň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň amatly hem-de howpsuz iş şertlerinde, ýyly we ýagty iş orunlarynda işlemeklerine giň mümkinçilikler döredildi.
Tamamlanyp barýan ýylymyzda ýyladyş maksatly desgalary gyş möwsümine taýýarlamakda öwgä mynasyp işleri ýerine ýetiren abatlaýyş-dikeldiş işleriniň slesarlary Orazbaý Orazow, Rafkat Bakirow, elektrik ussasy Faýzylla Atajanow, elektrik we gaz bilen kebşirleýji Azizbek Jumanyýazow we «Komatsu» kysymly toprak gazyjy ekskawatoryň sürüjisi Kadambaý Allamow dagynyň atlaryny buýsanç bilen tutmak bolar. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli binalaryň we desgalaryň ýyladyş ulgamlaryna barýan gaz geçirijiler, içi suwly ulgamlar hem-de suw gazanlary düýpli abatlanyp, işleýiş mümkinçilikleri ep-esli artdyryldy — diýip, D.Kakaýew aýdýar.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.