Habarlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň netijeleri boýunça BILELIKDÄKI MAGLUMAT

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5105/original-163f718f8e7f42.jpeg

1. Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda däbe öwrülen pugta dostlugyň, iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we ösdürmäge çalyşmagyň çäklerinde Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Onuň Alyjenaby, Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda «Al Gudaýbiýýa» köşgünde iki döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda resmi gepleşikler boldy.

2. Taraplar iki döwleti baglanyşdyrýan ysnyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyny, köptaraply hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we iki halkyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary, özara bähbitler üçin bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar iki döwletiň arasynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ösüş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ykdysady hyzmatdaşlykda hususy pudagyň ornuny goldamaga we iki dostlukly döwlete, olaryň halklaryna peýda getirýän bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmaga umumy çalyşýandyklaryny tassykladylar.

3. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň, häzirki halkara we sebit ýagdaýlary, meseleleri boýunça garaýyşlary utgaşdyrmagyň, özara bähbitlere hyzmat etjek sebit we halkara forumlarda birek-birege goldawy utgaşdyrmaga, hyzmatdaşlyga hem-de özara alyşmaga mundan beýläk-de ýardam bermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4. Taraplar maliýe, howa gatnawy, senetçilik we däp-dessurlar, deňiz gämi gatnawy, demir ýollar, umumy, tehniki we ýokary bilim, metrologiýa, medeniýet, diplomatik taýýarlyk babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejede ösdürmäge ýardam berjek hyzmatdaşlygy höweslendirmek üçin iki döwletiň arasynda gol çekilen Ylalaşyklar hem-de özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar üçin minnetdarlyk bildirdiler.

5. Taraplar iki ýurduň arasyndaky logistik hyzmatlara ýardam bermek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygynyň ählumumy deňiz-howa logistika hyzmatdaşy hökmünde bellenilmegini gutladylar.

6. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara wakalary, şeýle-de Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleriniň, dünýä ýurtlarynyň öňünde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Olar dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidine parahatçylygy, durnuklylygy berkidýän syýasy çözgütleri gazanmaga gönükdirilen ähli tagallalary we başlangyçlary goldamak üçin hyzmatdaşlygy, bilelikde utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem parahatçylyk, sabyrlylyk, parahatçylykly ýaşaşmak, ählumumy gatnaşyk, dinleri, ynançlary hormatlamak gymmatlyklaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgeleri öňe sürmäge berk eýerýändiklerini tassykladylar. Hoşniýetli goňşuçylyk, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgeleri şolaryň esasylary bolup durýar.

7. Taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň agza bolup durýan halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Ählumumy meseleler çözülende, durnukly ösüş üpjün edilende, dünýäde howpsuzlyk we durnuklylyk berkidilende, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň, dünýä howp salýan agressiw hereketlere garşy halkara bileleşigiň tagallalaryny artdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy.

8. Taraplar gapma-garşylyklary halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, döwletleriň özygtyýarlylygy, çäkleriniň bitewüligi, halkara derejede ykrar edilen serhetleriniň bozulmazlygy ýörelgelerini hormatlamak we berjaý etmek esasynda, parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.

9. Taraplar Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini bellediler hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky Kararnamasyna laýyklykda, döwletleriň köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýynyň bir bölegi hökmünde 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň möhümdigini nygtadylar.

10. Taraplar terrorizmiň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny ýazgardylar hem-de terrorçylyga, onuň maliýeleşdirilmegine, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde, kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, bilelikde utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

11. Iki tarap Türkiýe Respublikasyna we Siriýa Arap Respublikasyna bu ýurtlarda bolup geçen uly weýrançylyklara, adam pidalaryna we ýaralanmalaryna getiren weýrançylykly ýertitreme bilen baglylykda, duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirdiler. Iki ýurduň Hökümetlerine we halklaryna, gurban bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdiler, halkara bileleşigi bu betbagtçylygyň netijelerini ýeňip geçmek üçin iki döwlete kömek goluny uzatmaga çagyrdylar.

12. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin Onuň Alyjenaby, Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we Onuň Patyşalyk Alyjenaby, Şazada Salman bin Hamad Al Halifa minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyjenaby Patyşany hem-de Onuň Patyşalyk Alyjenaby, Mirasdüşer Şazadany we Premýer-ministri iň ýakyn wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Manama şäheri, 2023-nji ýylyň 22-nji fewraly.

Başga habarlar
16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.