Türkmenistanda Sergeý Rahmaninowyň ýubileýi mynasybetli «Rahmaninowyň bahary» atly konsertler toplumy geçiriler
2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäniň sungat ussatlary Sergeý Wasilýewiç Rahmaninowyň dogulan gününiň 150-ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirer. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanda, Russiýa federasiýasynda, Germaniýa, Serbiýa, Fransiýa, Wengriýa, Finlýandiýa, Şweýsariýa ýaly döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Sergeý Rahmaninowyň 150 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Rahmaninowyň bahary» atly konsertler toplumyny taýýarlady. Konsertleri aprel aýynyň dowamynda geçirmek meýilnamalaşdyryldy.
Segeý Rahmaninowyň ýubileýine bagyşlap onuň eserleriniň ýygyndylary çap edildi. Sazçylyk okuw jaýlarynda ylmy maslahatlar we konsertler, muzeýlerde kompozitoryň saz mirasyna bagyşlanan leksiýalar we sergiler geçirilýär.
Segeý Rahmaninowyň XIX-XX asyrlaryň çäklerinde kompozitor, ussat pianist we zehinli dirižýor hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ol Russiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda şeýle-de ýewropanyň dürli döwletlerinde konsertler bilen çykyş edýär. Kompozitoryň döreden saz eserleri professional sazandalaryň konsert hem pedagogik repertuaryna girýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Uly zalynda 1-njy aprelde “Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy, Halkara bäsleşikleriň Laureaty we Diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowa «Gala konsert» meýilnamalaşdyrdy. Konsert maksatnamasy Sergeý Rahmaninowyň saz eserlerinden düzülen.
Konsertde meşhur kompozitoryň Fortepiano we orkestr üçin Birinji we Ikinji konsertleriniň birinji bölümleri, fortepiano üçin «Etýud-kartinalary», Skripka we fortepiano üçin «Wokaliz» we «Romans» eserleri, «Aleko» operasyndan aýry nomerleri we «Весенние воды», «О, не грусти по мне», «Дитя! Как цветок, ты прекрасна», «Здесь хорошо» ýaly romanslary ýerine ýetiriler.
Sahnada Türkmenistanyň halk artistleri Orazgül Annamyradowa we gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimir Mkrtumow, leýli Okdirowa we Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijileri Bahar Durdyýewa we Amangeldi Amanow, Halkara basleşikleriniň Laureatlary Aşyr Aşyrow we Jemal Agajanowa we başgalar çykyş ederler.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimie Sergeýewiü Mkrtumow 7-nji aprelde türkmenistanyň Mukamlar köşgüniň Medeniýet merkeziniň («Aşgabat» Birinji (1-njy) park) konsert zalynda çykyş eder.
Konsert maksatnamasynda Sergeý Rahmaninowyň fortepiano saz guraly üçin döreden «Pýes-fantaziýalary», «Ýedi prelýudiýalary», «Dört etýud-kartinalary» we «Sonata» № 2 si-bemol minor toplumlary ýerine ýetiriler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Uly zalynda 14-nji aprelde onuň okuwçysy Şaislam Komiljanow ýekelikde solo konserti bilen çykyş eder.
Onuň konsert maksatnamasynda: «Iki etýud-kartinalary», «Sonata» № 2 üç bölümi we üç bölümli «Konsert № 2 do minor» ýerine ýetiriler.
18-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Uly zalynda «Kamera ansambly» и «Sazyň taryhy» kafedralary bilelikde rus kompozitoryň döredijiligine bagyşlanan «Sergeý Rahmaninowyň döredijilik keşbi» temasy boýunça çykyş ederler. Leksiýa-konsertiň maksatnamasynda konserwatoriýanyň mugallymlary hem talyplary çykyş ederler.
19-njy aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Uly zalynda «Kamera ansambly» kafedrasy «Romanslar agşamy» atly konsert geçirýär. Konsert maksatnamasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdirowa «Здесь хорошо», «У моего окна», «Сирень», «Сон» we «Они отвечали» romanslary bilen çykyş eder.
Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa «Как мне больно», «О. не грусти по мне», «Весенние воды», «На смерть чижика» ýaly romanslaryny ýerine ýetirer.
Fortepiano partiýasyny Halkara bäsleşikleriň Laureaty we Diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowa sazandarlyk eder.
Konsertlere giriş mugt.
Mähri SUWHANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasnyň “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.