Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň senagaty ösdürmek guramasynyň (UNIDO) Aşgabatdaky Ozon wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemaýatkärliginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy.
Ýokary okuw mekdebiniň Innowasion okuw-ylmy merkezi «Sowadyjy we howa ulgamlary» okuw maksatnamasyny işläp taýýarlady. Maksatnama kanunçylyk, sowadyjy ulgamlaryň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak we tebigy hladagentleri Türkmenistanyň howa şertlerinde ulanmak boýunça okuwlar girizildi.
Şeýle hem maksatnama laýyklykda, hünärmenler synagdan geçiriler we şahadatnama alarlar.
2022-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýä uniwersitetleriniň Times Higher Education reýtingine goşuldy.

Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi
Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.