Balkan welaýatynda Guýjuk meýdançasynda täze guýy burawlanylýar
Balkan welaýatynda Guýjuk meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.
Buraw işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpejeburawişleri» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Häzirki wagta çenli buraw geçişi müň metrden geçdi.
Burawçylaryň ygtyýarynda HHR-de öndürilen J-30T kuwwatly buraw desgasy, uglewodorodlaryň toplanmasyna 3D syny üpjün edýän seýsmoderňew boýunça rus geofiziki enjamy, şeýle hem ulanyşda ykjamlygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan enjamlar bar.
Täze guýyny 2023-nji ýylyň ahyrynda senagat ulanyşyna bermek meýilleşdirilýär. Deslapky çaklamalara görä, bu nebitgazly guýy bolar.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.