Habarlar

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5276/original-1642d6ccde331e.jpeg

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Duşuşykda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna hem-de işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şol bir wagtyň özünde, azyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ekologik meseläniň ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, Arkadag şäheriniň gurluşygyndaky önümçilik kuwwatlyklarynyň häzirki zaman ekologik talaplaryna laýyk derejede dörediljekdigini belledi.

Häzirki döwürde “akylly” şäher konsepsiýasyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz täze şäherde ekologik taýdan arassa önümçilige, elektrobuslaryň, elektrotaksileriň hereketine aýratyn ähmiýet beriljekdigini nygtady. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär.

Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra täzeçil tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi.

Häzirki döwürde suw süýjediji desgalaryň yzygiderli gurulmagy we suwaryşyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy bu ugurdaky meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün eder. Bu barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Işewür Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyk gelýän turbalaryň önümçiliginiň ýola goýlandygyny belledi we bu önümleriň Türkmenistan üçin niýetlenendigini hem-de olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýede ýakyn wagtda wajyp syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň — Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, Rejep Taýyp Ärdogana saýlawlarda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň we Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýandygyny belläp, türkiýeli işewürleriň öz ata Watany bolan Türkmenistanda netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.