Sungata örküni baglan Nurmuhammet Akmyradow

10:46 12.04.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5315/original-1643645a399246.jpeg

Aýdym-sazyň hoş owazy ynsan kalbyna ylham paýlaýar. Ýurdumyzda ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Ençeme ýyl bäri sungata örküni baglap, halkyň söýgüsine mynasyp bolanlaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň müdiri Nurmuhammet Akmyradowdyr. Onuň bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

— Döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Bu ugurda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň işgärleriniň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Sungat biziň halkymyzyň ganyna siňendir. Sallançakda hüwdi bilen terbiýelenip başlanýan türkmen nesilleri hemişe sungaty ruhy tugy hasap edýär. Döwrüň ýaňyna mynasyp sesiňi goşmak medeniýet we sungat işgärleriniň borjy bolup durýar. Biz hem bu babatda yhlasymyzy gaýgyrman, zähmet çekýäris. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň özi seni döredijilige ruhlandyryp, erkiňe goýmaýar. Birnäçe ýyl bäri operatorçylyk işini alyp baryp, şekilli aýdymlary ýazýaryn. Haçan-da, ýazan şekilleriň owaz bilen gatyşyp, ýerine düşende we halk tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolanda yhlasyň ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň.

— Şekilleri döredýän pursatlaryňyz göz öňüňizde näme janlanýar?

— Watana we kärime bolan söýgi. Yhlas bilen döredýän şekillerime diňe öz garaýşym bilen däl-de, halkyň gözi bilen seredýärin. Operator režissýoryň säwliklerine hem üns bermeli bolýar. Has dogrusy, hiç zady gözden sypdyrmaly däl. Watana hyzmat edip, täze-täze şekilleri döretmekden we olaryň miwesini görmekden lezzet alýaryn.

— Nurmuhammet aga, ynsan hiňlenýärkä özüni bagtly duýýar diýýärler...

— Dogry aýtdyňyz, adam içki duýgusyny hiňlenip, daşyna çykarýar. Her bir ynsan, isle aýdymçy bolsun, mugallym bolsun, lukman bolsun, nebitgaz pudagynyň işgäri bolsun — işine gümra mahaly aýdyma hiňlenýär. Ine, şu bolsa sungat!

— Halypalaryň döredijiligiňize täsiri barada gürrüň beräýseňiz?

— Her bir ynsanyň belent sepgitleri nazarlamagyna sebäp bolýan halypalary bolýar. Meniň durmuşymda hem şeýle adamlaryň orny uludyr. Halypalarym Bally Orazow, Nurmuhammet Keşşikow, Gapbar Hümmedow, Myrat Gurbangylyjow dagynyň adyny höwes bilen agzap geçesim gelýär. Bularyň ählisi hem türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan halypalardyr.

— Siz taýýarlaýan aýdymçylaryňyzda sungata höwes döretmegi has öňe tutýaňyzmy ýa-da guýmagursaklygy zerur hasaplaýaňyzmy?

— Elbetde, guýmagursaklygy zerur hasaplaýaryn. Guýmagursaklyk bolmasa, ünsden düşen zehini yzyna getirip bolanok. Eger-de guýmagursak adamyň zehini ruhy çökgünlige sezewar bolsa, durmuşyňda bir zat kemter ýaly bolýar. Şol sebäpden hem, sungat älemindäki rowaçly gadamlaryňy elmydama dowam etdirmeli.

— Nurmuhammet aga, şu ýerde ýaş aýdymçylara berjek maslahatlaryňyzy ýetiräýsek?!

— «Döredijilikde çäk ýok» diýilýär. Ýaş aýdymçylara halypa bagşylary köpräk diňlemegi maslahat berýärin. Sungat adamsy ynsana gözellik paýlaýar. Arkadagly Watanymyzda aýdymçy bolmasaň-da joşup aýdym aýdasyň gelýär.

— Bagtyýar döwrümizi şahyr şygry bilen wasp etse, sazanda sazy, aýdymçy hoş owazy bilen wasp edýär. Siz haýsy eserleriň üstünde işleýärsiňiz?

— Ýylyň ady bilen baglanyşykly aýdymy diňleýjilere ýetirdik. Ony Mekan Rejebow, Meýlis Myratdurdyýew, Çemen Ýagşymyradowa, Gülzada, Arzuw Gorganowalar ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzyň şanly baýramlaryna ähli halkymyz uludan taýýarlyk görýär. Biz hem ýokary derejede geçirilýän şanly baýramçylyklara döredijilik toparlarymyz bilen täze aýdymdyr tanslaryň üstünde işleýäris. Muňa «Galkynyş» folklor toparymyzyň alyp barýan işlerini mysal getirip bilerin.

— Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Halkyň hormatyna mynasyp bolan sungat işleriňiziň sanynyň mundan buýana-da köp bolmagyny arzuw edýäris!

— Sag boluň! Eziz Watanymyz häzirki wagtda medeniýetiň we sungatyň gülläp ösen ýurduna öwrüldi. Çünki bu ugurda zähmet çekýän işgärlere hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.