Habarlar

Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5341/original-1643eee9f5e792.jpeg

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebap ýagdaýda ösdürmeklige uly üns berilýändigini, toplumyň işçi-hünärmenleriniň döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawy ýakyndan duýýandygyny, munuň bolsa olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny aýratyn nygtady.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barmak, Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen, iri taslamalary amala aşyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Maslahatda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna, ulgamda öňdebaryjy tejribeleriň we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýygnagyň dowamynda şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna görülýän taýýarlyk, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi barada habar berildi.

Hasabat ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň nebitgaz toplumynyň işgärlerine bildirýän uly ynamyny ödemekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.