Makalalar

Hojadurdy Ýegendurdyýew: «Tanalmak — bu entek üstünlik däl»

https://www.ussatnews.com/storage/posts/534/original-15ffb2af53f526.jpeg

Il içinde gülküli degişmeleri bilen adygan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Ýegendurdyýewiň her bir tomaşaça gülki-şatlyk paýlaýşy, özüne ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirişi bizi onuň bilen söhbetdeşlik etmäge iterdi.

– Hojadurdy, sizi tomaşaçylar gülküli-degişmeli sahnalaryň ussady hökmünde tanaýarlar. Söhbedimiziň başyny sungata bolan söýgiňiz, sungat ýolundaky ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüňleriňizden başlaýsak!

– Men Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebini tamamladym. Mekdebimizde baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralarda gysgajyk sahnalary ýerine ýetirerdim. Deň-duşlarymyň arasynda-da artistlere öýkünip, degişmeleri aýdyp başlanymdan hemmeler gülüp hezil ederdiler.

Mähriban ejem, kakam 2 ogly, 5 gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler. Biziň maşgalamyz oba arasynda özüniň şorta sözleri bilen tanalýar. Çagalykdan sungaty hemra tutunyp, gülküli sahna çykyşlarymdan ruhy lezzet alyp, bu hünäre imrindim. Artist bolmak üçin zehinem, okuwam, tejribe-de gerek. Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky teatr institutyny tamamlap, Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda işläp başladym.

– Döreden keşpleriňiz durmuşyňyza golaýmy?

– Artist haýsy keşbi janlandyrsa, şol keşbiň içinde ýaşamaly bolýar. Köplenç, durmuşdaky häsiýetimden oýnaýan keşplerime siňdirýärdim. Durmuşa näçe belet boldugyňça, keşbi janlandyrmak, tomaşaçyny ynandyrmak artistiň ussatlygyna bagly bolýar. Durmuşda-da gülki paýlap, adamlara şadyýan gülküli wakalary gürrüň berýärin.

– Gülküli çykyşlaryňyz bilen ildeşlerimiziň söýgüsini gazanmagy başardyňyz. Sahnada ýatdan çykmajak täsirleri galdyran pursatlaryňyz dogrusynda hem aýdyp beräýseňiz!

– Ýatdan çykmajak gülküli pursatlar her bir çykyşymyzda bolýardy. Kärdeşlerim Aşyr Gurbanow, Amangül Mämmetýazowa, Gandym Annadurdyýew, Gülşat Meňliýewa, Oguljan Bekiýewa, Haýtmyrat Durdyýew dagy bilen bir sahnada keşp döretmek ylhamyma ylham goşupdy. Olar teatrda-da, «mawy ekranyň» üsti bilen hem tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanmagy başardylar. Belki, şonuň üçinem biziň degişme sahnalarymyz şowly çykýardy.

– Üstünlige, kämillige barýan ýol barada siziň pikiriňiz ...

– Üstünlige, kämillige barýan ýol hünäriňe bolan söýgüdir. Tanalmak – bu entek üstünlik däl. Hemişe öwrenip, yhlas bilen zähmet çekip, halkyň söýgüsini gazanmagy başarsaň, üstünlik öz-özünden geler.

– Çagalaryňyzdan sungata höwesekleri barmy?

– Maşgalam barada aýtsam, üç perzendim bar. Iki gyz, bir oglan. Körpe gyzym Ejegül meniň sungat ýolumy dowam etdirmeklige höwesek. Ol 5-6 ýaşlarynda kiçiräk degişme sahnalarynda çykyş edip başlady. Döwletli maşgalamyzda Bibi gelnejeňiz bilen göz-guwanjymyz bolan agtyjaklarymyz Muhammetaly bilen Ýyldyza gülküli keşplerimden gürrüň berýärin.

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärlerine işlemäge, döretmäge ähli şertleri döretdi. Gahryman Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.