Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
Şu gün, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda Hyatt Regency Creek Heights myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-njy aprelde geçiriljek Halkara forumynyň wekillerini hasaba almak çäresi geçirilýär.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Dubaýda maýa goýum forumyna taýýarlyk we netijeli geçirmek meselelerini maslahatlaşdy.
Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, aprel aýynda Dubaýda geçiriljek halkara maýa goýum forumyny ýokary derejede taýýarlamak we geçirmek möhümdir.
Forumyň işi 26-njy aprelde irden umumy mejlisden başlar. Çykyş edýänleriň hatarynda — Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary we halkara nebitgaz bazarynyň iri wekilleri bar.
Dubaýdaky forumyň gün tertibine tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky deňiz bloklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara daşary ýurt kapitalyny çekmek, Galkynyş gaz känini işläp taýýarlamagy dowam etmek meseleleri girizildi.
Sişenbe güni, maýa goýum forumynyň öňýanynda diňe bir Dubaýyň däl, eýsem, dünýäniň iň özboluşly ýerleriň biri bolan, dünýäde iň iri elektrik bekedi Gün energetikasynyň seýilgähine Halkara forumyna gatnaşyjylaryň iş sapary gurnaldy. Ol Gün şöhlesini özleşdirmegiň netijesinde işleýär. Garaşylyşy ýaly, 2030-njy ýylda taslama tamamlanandan soň, bu ýerde ýylda 5 müň MWt elektrik energiýasy işlenip taýýarlanar, bu 2050-nji ýyla çenli Dubaýa arassa çeşmelerden 75% energiýa almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Halkara forumyna gatnaşyjylar Geljegiň muzeýine baryp gördiler.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.