Habarlar

«Türkmennebit» DK daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5376/original-1644b54cc710c8.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebitgaz maýa goýum forumynda eden çykyşynda daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

— Türkmenistanda nebit işewürligini alyp barmak üçin ähli hukuk esaslary we şertleri bar. Olar degişli kanunlar bilen berkidilen. Bu meýdançadan peýdalanyp, Türkmenistanda maýa goýum işjeňligine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys — diýip, G.Agajanow aýtdy.

«Türkmennebit» konserniniň nebit aktiwleri häzirki wagtda işlemegiň dürli döwürlerinde ýerleşýän 30-dan gowrak nebit ýatagynda jemlenendir. Ýurtda hereket edýän nebit-gaz guýularynyň sany 2300-den geçýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleri 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalenti görnüşinde bahalandyrylýar – diýip Agajanow belledi.

Ol konserniň esasy işiniň Türkmenistanyň Günbataryna gönükdirilendigini belledi we bu sebitde nebitiň we gazyň ýataklarynyň aýratynlygy olarda tektoniki bozulmalaryň bolmagy we köp gatlakly gurluşyň bolmagydyr, bu bolsa her nebit we gaz ýatagyny işlemekde innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde aýratyn çemeleşmäni talap edýär.

Ozaldan özleşdirilýän nebit ýataklarynda almasy kyn bolan nebiti çykarmak üçin, ozal elýeterli bolmadyk aşa çuňlukda ýerleşen nebit gorizontlaryny özleşdirmek üçin ähli tehnologiki önümçiligiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrma işleri geçirilýär, şeýle hem döwrebap tehnika we ýokary netijeli enjamlar giňden ornaşdyrylýar.

Bu wezipeleri çözmek üçin, şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, konsern Yug-Neftegaz Private Limited (Singapur), ПАО «Татнефть» (Tatarystan Respublikasy, RF), Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmat kompaniýasy (SINOPEC), Sсhlumberger we başga-da köp kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Konserniň başlygy mümkin bolan hyzmatdaşlary Türkmenistandaky maýa goýum işjeňligine goşulmaga çagyrdy.

Agajanow konserniň geologiýa gözleg işleriniň täze ýokary geljekli usulyýetleri, guýulary gorizontal burawlamakda öňdebaryjy tehnologiýalar, çylşyrymly dag-geologik şertleri bolan nebit ýataklaryny işlemek babatynda tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri — nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýadyr. Häzirki wagtda nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işleýän türkmen kärhanalarynyň kuwwatlygy içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem olary eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Täze desgalaryň, şol sanda wodorod öndürýän desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Wodorod gurluşy boýunça halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň tehnologiýasyny teklip eden kompaniýalar konsorsiumy ýeňiji diýlip yglan edildi – diýip, Guwanç Agajanow habar berdi. Ol konserniň daşary ýurt kompaniýalaryndan nebiti gaýtadan işleýji zawodlary döwrebaplaşdyrmak, önümiň täze nomenklaturasyny çykarmak, önümçiligi ekologiýa laýyk etmek boýunça beýleki tekliplere hem seretmäge taýýardygyny nygtady.

Tanyşdyrylyşyň ahyrynda Agajanow konserniň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky geçirýän işini belledi, «Türkmennebit» DK-niň döwrebap ekologiki we serişdelere aýawly çemeleşýän tehnologiýalara geçmäge ymtylýandygyny beýan etdi.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.