Täze Maksatnama – aýdyň wezipeler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde, diwersifikasiýa ýoly bilen gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şeýle-de, bedew bady bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda hem beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň edýän atalyk aladalary bilen, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi, millilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Arkadag Prezidentimiz ýaşlary, ýaş nesilleri özüniň çuňňur aladalary bilen giňden gurşap alýar. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz hatda daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýan döwürlerinde hem, özüniň döwlet işleriniň kändigine garamazdan, şol ýerde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, ylym-bilim derejeleri bilen içgin gyzyklanýar. Her bir işde ýaşlara hut özüniň nusgalyk görelde mekdebi bolup durýan, her bir ýaş raýatyň bagtyýar çagalygy, parlak geljegi, hözirli durmuşy, söýgüli kesp-käri barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, 2013-nji ýylda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Ministrler Kabinetiniň ýanynda ýaşlaryň meseleleri bilen gyzyklanýan bölümiň açylmagy ýaşlar baradaky syýasatyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň şeýledigine, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Aziýanyň merjen şäheri – Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýyna Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň duýdansyz ýagdaýda gatnaşmagyndan hem anyk göz ýetirmek bolýar.
Türkmenistanda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagynda üstünlikli amala aşyryldy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, täze 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi netijesinde, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmekde, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmekde hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgeleri kemala getirmekde, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde öňde durýan aýdyň we jogapkärli wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň iň baýry jemgyýetçilik guramasy bolup durýan we türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekip, eziz Watanymyzyň has hem pajarlap ösmegi ugrunda öz goşandymyzy goşarys !
Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlaryna, mähriban halkymyza şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin !
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.