Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy
Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä döwletlerine ugratmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň çäginde ýurdumyzda nebit we gaz gorlarynyň täze ýataklarynyň üsti açylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şeýle-de, nebitiň we nebit önümleriniň gaýtadan işlenilişi, eksporty babatda dünýä ýurtlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyza maýa goýumlarynyň çekilmegi döwletimiziň çäginde täze ýüze çykarylýan nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, bu önümleriň çig mal we gaýtadan işlenen taýýar önüm hökmünde dünýä bazarlaryna çykarylmagyna möhüm maddy binýat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly «Türkmenistanda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär».
Ýurdumyz nebitgaz pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň hasabyna diňe bir energiýa serişdelerini öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenman, eýsem dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberleriniň aratmagyna hem aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen häzirki döwre çenli gazanylan oňyn netijeler ýokary baha berilmegine mynasip.
Didar GUTLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.