Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5512/original-164783d1ec0c25.jpeg

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň

bagtyýar körpeleri!

Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden we dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlap, ösüp gelýän nesillerimiziň şatlyk-şowhunyna, şadyýan gülki seslerine, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlara ýugrulan baýramçylyk dabaralaryny geçirýäris. Belent dagly, gür bagly Gökdere jülgesindäki, owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tolgundyryjy we ýatdan çykmajak gyzykly pursatlary bagyş etjek tomusky dynç alyş möwsümine badalga berýäris.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň kämil ulgamy döredildi. Şoňa görä-de, strategik maksatnamalarymyza laýyklykda, bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli alada edýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerini, sebitlerimizi gurşap alýan, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň gurluşyklaryny depginli dowam etdirýäris. Öňdebaryjy halkara tejribeleri, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirip, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýäris.

Ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris. Eneleriň we çagalaryň hukuklaryny, bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi çagalarymyzyň irki döwürden hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edýär. Garaşsyz ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň zenanlaryň, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen örän möhüm resminamalarynyň tutuş toplumyna goşuldy. Bu ugurda şol guramanyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, maşgalanyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, bilimiň we saglygy goraýşyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalar, strategiýalardyr meýilnamalar amala aşyrylýar. Bularyň ählisi berkarar döwletimiziň dünýäniň ösüşindäki ornuny has-da pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, her bir maşgala ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, ýurdumyz asuda, durmuşymyz owadan bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan durmuş we uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.