Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar
7-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar.
Şu gün, 8-nji iýunda meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň sergi önümleri görkeziljek "Ýewraziýa biziň öýümiz" atly sergisi açylýar.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.