Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň paýtagtynda 15-nji iýunda «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Çäräniň guramaçylary bolup, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen çärä 20 döwletden 800-den gowrak wekil gatnaşdy, olaryň bir bölegi onlaýn görnüşde goşuldy. Şolaryň hatarynda CNPC, BP, Exxon Mobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl ýaly öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Halkara energetika agentligi (IRENA), Global gaz merkezi, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy, Inžener-nebitçileriň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty, şeýle hem BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropada täzeleniş we ösüş banky foruma wekillerini iberdiler.
Umumy mejlisi alyp baryjy, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko maslahaty açyp, Aşgabatda geçirilýän bu çäräniň ähmiýeti barada gysgaça gürrüň berdi we deslapky taýýarlyk işleriniň üstünlikli geçirilendigi üçin guramaçylara hoşallyk bildirdi.
Maslahatyň maksatnamasynyň üns merkezinde uglewodorodlary özleşdirmekde daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak we energetiki geçiş boldy. Wekilleri nebitgaz toplumynda täze tehnologiýalary ulanmaklygy, şeýle hem goşmaça ekologiýa maliýeleşdirmekligi we arassa energetikany ilerletmek başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary M.Arçaýewiň, Türkmenistanyň DIM-niň Howa meseleleri boýunça geňeşçisi M.Akmyradowyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiiniň rektory B.Atamanowyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy P.Jepbarowyň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Forumyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň Howa meseleleri boýunça geňeşçisi M.Akmyradowyň bellemegine görä, Türkmensitan bilen Metan zyňyndylary boýunça Halkara agentligiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem milli tebigaty goramak kanunçylygyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri üçin birnäçe okuwlary guramak meýilleşdirilýär.
«Biz şu ýylda Dubaýda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji maslahatynyň öz işine başlamagyna çenli Türkmenistan bu mesele boýunça oňat görkezijileri gazanar diýip umyt edýäris» - diýip Akmyradow aýtdy.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri – «PETRONAS Carigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismail, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň esaslandyryjysy I.Zgurow, Bütindünýä daşky gurşaw boýunça ösüş institutynyň baş direktory F.Raýzberman, BP kompaniýasynyň metany ölçemek we düzümini azaltmak boýunça inženery P.Ewans we (BMG)'' Metan zyňyndylar boýunça halkara obserwatoriýasynyň başlygy M.Kaltajirone maslahata gatnaşanlara we bilermenlere uglewodorod ýataklary özleşdirilende ekologiýa meselelerini çözmäge öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Bilermenleriň bölümleriň mejlislerindäki «Uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagyň» we «Arassa energitikany ilerletmekde ekologiýany maliýeleşdirmegiň we başlangyçlaryň täze mümkinçilikleriniň» meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça çykyşlary hem gyzykly boldy.
«Türkmenenergo» energetika korporasiýasy Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda umumy kuwwatlylygy başlangyç tapgyrda 6 MWt-dan köp bolan Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Çäräniň guramaçylarynyň maslahata gowy taýýarlygyny, şeýle hem ony guramaçylykly geçirilendigini aýratyn bellemek gerek. Myhmanlar we bilermenler üçin geňeşmeleri geçirmek hem-de maslahatyň garamagyna hödürlenen möhüm meseleler boýunça netijeli pikir alyşmak üçin zerur şertler döredilipdir.
Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
6-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11-13-nji dekabr iş güni däl diýlip yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu resminama 6-njy dekabrda metbugatda çap edildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 11 aýynyň netijeleri jemlenildi
5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly agşam geçirildi
Batly ösüşler, ýeňişli menziller we toý-baýramlar bilen bezlenýän eziz ýurdumyzda, Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygynyň bellenişi uly şöhrat we şatlyk bilen geçýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy
28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.