Habarlar

«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çap edildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5606/original-1648e9f0d41df9.jpeg

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çap edildi.

Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr.

Täze kitap “Gurplulygyň öz şertleri bar”, “Beren eliň berekedi artar”, “Durmuşyň gymmatlygy — saglyk”, “Hossarlyk — öçmez umyt”, “Howandarlyk jebisligi döredýär” diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr.

Kitapda bellenilişi ýaly, bu gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Neşiriň sahypalarynda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär, şeýle hem ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Şeýle hem kitapda täze Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurulýandygy barada aýdylýar. Bu merkez tutuş çagalar şäherjigini emele getirmek bilen, onda terbiýe bermek, okatmak, saglygy berkitmek, dynç almak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şunuň ýaly sagaldyş kömekçi-bilim edaralarynda terbiýelenýänleriň haýyr-sahawat gaznasynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygy nygtalýar.

Bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny açmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, zähmet endiklerini ele almagy, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir. Degişli hukuk binýat kemala getirilendir. Şunda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär hem-de “Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek” diýen 3-nji maksada ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen täze kitabyň sahypalaryny bezeýän köp sanly reňkli fotosuratlar gaznanyň işi barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýär hem-de kitabyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu neşirde halkymyzyň nesillerden-nesillere geçip gelýän gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.