Türkmenistanyň zenanlary Almatada Merkezi Aziýada energetika geçilmegini amala aşyrmakda zenanlaryň ornuny maslahatlaşdylar
12-15-nji iýunda Türkmenistanyň zenanlary Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýada energetika geçilmegini amala aşyrmakda zenanlaryň orny” atly maslahata gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşmaga Merkezi Aziýanyň, şol sanda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň energetika kompaniýalarynyň, uniwersitetleriniň, kärhanalarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň 40-sy çagyryldy.
Bu çärede ýurdumyza Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň ýolbaşçy zenanlary we hünärmenleri wekilçilik etdiler.
Bu maslahat energetika pudagynda zähmet çekýän zenanlary bir ýere jemlemek hem-de gender deňliginiň ýörelgelerini ilerletmek üçin binýat döretmek maksady bilen Almatynyň energetika we aragatnaşyk uniwersitetinde (AEAU) “Merkezi Aziýada energetika” atly maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan guraldy.
Şeýle hem bu çäre energetika ulgamynda ýolbaşçy zenanlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyna, bilim we halypaçylyk başlangyçlaryna ýardam etmäge gönükdirildi.
Maslahata gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň energetika pudaklary üçin gender syýasaty meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny we gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etdiler.
Şunuň ýaly çäreler Merkezi Aziýada zenanlaryň energetika hünärleri hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda okuw çäreleri bilen bagly bolan bilim derejelerini we düşünjelerini artdyrmaga, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmakda öňdebaryjy tehnologiýalary we olary iş ýüzünde ulanmagyň artykmaçlyklaryny geçirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň daşary işler ministrniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň eden çykyşlarynyň birinde belleýşi ýaly, “Gender deňligi Türkmenistanda ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, ýurdumyz durmuş, syýasy we ykdysady ulgamlarda gender deňligini gazanmakda uly ösüşleri gazandy”.
Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyna laýyklykda ýurtda zenanlaryň ähli derejelerde, şol sanda syýasy we durmuş ulgamlara gatnaşygy giňeldi. Häzir Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň durmuşyň ähli ugurlarynda işjeňliginiň artandygyny görmek bolýar. Olar ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine önümçilikde, şeýle hem ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýärler.
2020-nji ýylyň oktýabrynda USAID-niň “Merkezi Aziýada energetika” taslamasyna badalga berildi hem-de ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna - Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana olaryň milli energetika maksatnamalaryny amala aşyrmakda, energiýa serişdeleriniň serhedüsti söwdasyndan ykdysady peýdalary almakda we sebit gatnaşyklaryny giňeltmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ýardam etmäge gönükdirilendir.
Taslama hünär taýýarlygyny höweslendirmek, bilim bermek we mümkinçilikleri giňeltmek; hususy ulgama maýa goýumlaryny artdyrmak; ýerli guramalaryň tejribesini peýdalanmak we gender deňligini we inklýuzwliligi üpjün etmek boýunça pudagara maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Şeýle hem taslama energetika ulgamynda ýerli hünärmenleri goldamak bilen meşgullanýar.
Ogulhan Ärnepesowa,
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.