Arkadag şäheri: Türkmen döwletiniň täze döredijilik döwrüniň ajaýyp hakykaty

01:32 28.06.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5649/original-1649b4747b147e.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda döwlet ähmiýetli şäheriň — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar.

Täze şäher arzuwlaryň, batyrgaý pikirleriň amala aşmasydyr, durmuşa geçirilmegidir. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda guruldy.

Şäheriň taslamasyny amala aşyrmaga 2019-njy ýylda badalga berildi. Şu geçen uly bolmadyk döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde — gojaman Köpetdagyň eteginde «akylly», esasan-da, adamlaryň oňaýly ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin ajaýyp şäher — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýany bolan şäher peýda boldy.

«Akylly» şäher eýýäm häzirden öz binagärlik keşbi, onda amala aşyrylýan pikirleriň batyrgaýlygy, täsinligi bilen haýran galdyrýar. Ony gurmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde döwrebap binalaryň 336-sy gurlup, olaryň hatarynda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar.

Täze şäherde geçirilen ähli işler dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy.

Zerur bolan çäreler toplumy täze şäheriň ekologiýa arassalygyny üpjün etmek maksady bilen hem kabul edildi. Hususan-da, onuň daşky gurşaw bilen sazlaşmagy üçin köçeleriň ugrunda, ýanaşyk ýerlerde dürli agaç nahallary, güller oturdyldy, ekologiýa talaplaryna kybap gelýän ýol-ulag düzümi döredildi. Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly, innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizildi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrülmeli, bu Türkmenistanyň Prezidentiniň «Arkadag şäheriniň häkimliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň meseleleri hakynda», «Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararlarynda berkidildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 16-njy iýunda badalga beren täze şäheri gurmagyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşynda bu ýerde döwrebap senagat toplumlary bina ediler, netijede, täze iş orunlary peýda bolar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna şäherde 7 gatly, 28 we 56 öýli jaýlaryň ikisi guruldy. Binalar nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenip, olaryň oňaýly ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi.

Nebitgaz toplumynyň edaralarydyr kärhanalarynyň şähergurluşyk konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Ol ilatyň abadan, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegini ugur edinýär hem-de milli binagärligiň häzirki zaman çözgütlerini, asylly däplerini özünde jemleýär.

Bu ýerde şäheriň durmuş ähmiýetli desgalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin täze gaz geçiriji ulgam çekildi, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy, içerki we daşarky turbageçirijiler ulanmaga berildi.

Ilkinji «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan Arkadag şäheriniň durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryny üpjün etmek üçin umumy uzynlygy 52 kilometr bolan gaz geçirijiler çekildi, şunuň bilen baglylykda, döwrebap şäheri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň düzüminde «Arkadagşähergaz» gaz hojalyk müdirligi döredildi.

«Arkadagşähergaz» gaz hojalyk müdirligi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Arkadag şäheriniň çäginde ýerleşen gurluşyk toplumynyň binasynda ýerleşdirildi, ähli iş otaglary döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň ilatyny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde gaz geçiriji ulgamlaryň, desgalaryň ygtybarly bolmagy üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna atlandyrylan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerine gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. Täze şähere bagyşlanan baýramçylyk türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny özünde jemleýän Gurban baýramynyň ynsanperwerlik maksatlary bilen sazlaşýar.

Täze Arkadag şäheri — biziň buýsanjymyz, bagt şäheri barada amala aşan arzuwymyz bolup, bu ýerde ähli zat adamlar üçin we adamlaryň bähbidine döredilýär.

Leýli AŞYROWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.